Rim Papasy howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çagyrdy

Rim Papasy howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çagyrdy

Rim Papasy dünýä Liderlerini howanyň üýtgemegine garşy göreş üçin birleşmäge çagyrdy diýip, Habar 24 ýazýar.

Papa bu barada Apostol köşgüniň eýwanyndan eden çykyşynda: Dünýä tizden-tiz gazylyp alynýan ýangyçdan ýüz öwürmelidir diýdi.

Rekord derejede howanyň gyzmagy, tokaý ýangynlarydyr sil joşmalary howa jogapkärçiliksiz gatnaşygyň netijesidir diýen Papa soňky günlerde bu meselä has köp üns çekýär. 2022-nji ýylda Papa Fransisk ummana plastik taşlanylmagyny jenaýat hökmünde häsiýetlendirdi, üstümizdäki ýylyň başynda bolsa Kongodaky tropiki tokaýlary goramak barada çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi
Rim Papasy 7-nji oktýabry parahatçylyk üçin doga okalyş güni diýip yglan etdi
Emomali Rahmon Rim Papasy bilen duşuşdy
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow, Papanyň Wekili Zuppi Bilen Duşuşdy
Rim Papasy žurnalistikanyň esasy ýalňyşlyklaryny sanady
Lissabonda Bütindünýä ýaşlar güni başlandy