
Halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy özgertmeleri geçirmäge mätäçlik çekýärler diýip, Rim Papasy Fransisk özüniň Sizden Ýaradanyň adyndan haýyş edýärin. Geljege umyt barada on doga atly kitabynda ýazýar. 18-nji oktýabrda satuwa çykmaly kitapdan parçalary La Stampa gazeti çap etdi.
Papanyň sözlerine görä, haçan-da ählumumy derejede parahatçylyk we howpsuzlyk barada gürrüň gidýärkä, ilkinji nobatda BMG, şol sanda onuň Howpsuzlyk Geňeşi hakydaňa gelýär.
Pontifik kitabynda BMG-niň döredilen döwründen bäri dünýäniň özgerendigine ünsi çekýär, onuň pikiriçe, häzirki wagtda Milletler Bileleşigi we beýleki halkara guramalar hakyky ýagdaýlara görä özgertmeleri geçirmäge mätäçdir.
Rim Papasy şeýle-de uruşlaryň hiç wagt hem meseleleri çözmeýändigini ýazýar. Bu barada Gazeta.ru habar berýär.