
Rim Papasy Fransisk Rimdäki ybadathanada Bibi Merýemiň adyna parahatçylyk üçin doga okamak çäresini geçirmekçidigini yglan etdi. Ol Keramatly Pýotryň meýdançasynda ýepiskoplaryň sinodynyň açylmagy bilen bagly dabarada hemmeleri 7-nji oktýabrda parahatçylygyň hatyrasyna doga okamaga we agyz beklemäge çagyrdy diýip, TASS ýazýar.
Papa Fransisk öň hem dünýäde dowam edýän gapma-garşylyklar bilen baglylykda ynjalyksyzlanma bilidiripdi hem-de dünýä ýurtlaryny parahatçylyga çagyrypdy.