
Russiýanyň futbol birleşigi 2002-nji ýylda doglan ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Dmitriý Homuha bilen şertnamany uzaltdy.
55 ýaşly Homuha bu wezipede 2017-nji ýyldan bäri işläp gelýär.
Dmitriý Homuha Pöwrizede doguldy, ol türkmen futbolynyň uçurymydyr. Karýerasyna Aşgabatda Waleriý Nepomnýaşiýniň ýolbaşçylygynda başlan Homuha Täçmyrat Agamyradowdan hem tälim aldy. 1985-nji ýylda Aşgabadyň Kolhozçysy bilen uly futbola geldi. Milli ýygyndymyzyň hatarynda 1998-nji ýylda Tailandda geçirilen Aziýa oýunlaryna gatnaşdy.
Onuň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň ýetginjekler ýygyndylary Ýewropa çempionatlarynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldular.