RF-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew 11-nji aprelde Türkmenistana geldi. Bu barada “Гундогар” habar saýty habar berdi. Neşiriň bellemegine görä, rus we türkmen resmi habar serişdeleri bu sapar barada maglumat bermedi.
TH-a belli bolşuna görä, RF-nyň Howpsuzlyk geňeşinde we RF-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Patruşewiň Aşgabada gelendigi baradaky habara düşündiriş bermekden ýüz öwrüpdirler. Emma bu habar inkär hem edilmändir.
Howpsuzlyk geňeşiniň resmi saýtyndaky maglumata görä, Patruşew 10-11-nji aprelde Azerbaýjanda saparda bolup, ol ýerde prezident Ylham Alyýew bilen duşuşdy.
Türkmenistana saparyň planlaşdyrylmandygyny çak etmek bolar, sebäbi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji aprelde Gazagystana sapary planlaşdyrylypdy.
Emma prezidentiň uçarlarynyň hiç biri Gazagystana uçmady.Türkmenistanyň prezidentiniň Gazagystana sapary, TAH-yň maglumatyna görä, 18-19-njy aprele yza süýşürildi.
Türkmen telewideniýesiniň täzelikler programmasynda oba hojalygy, maldarçylyk, sport hakynda “güň ediji reportažlar” berilýär, emma Patruşewiň gelendigi, prezident Berdimuhamedowyň Gazagystana saparynyň soňa goýlandygy barada hiç zat aýdylmaýar.