RF-niň baş prokurory Ukraýinadaky uruşy Aşgabatda maslahatlaşdy, Türkmenistanyň edaralarynyň metbugat gulluklary sapar barasynda habar bermediler

RF-niň baş prokurory Ukraýinadaky uruşy Aşgabatda maslahatlaşdy, Türkmenistanyň edaralarynyň metbugat gulluklary sapar barasynda habar bermediler

27-nji iýulda Russiýanyň baş prokurory Igor Krasnow Aşgabada iş saparyny etdi diýip edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

Onuň türkmen kärdeşi Serdar Mälikgulyýew bilen duşuşygynda bellemegine görä, “iki ýurdyň gatnaşyklary umuman, ösüşde, muny Russiýanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň geçen aý Aşgabatda geçen duşuşygy tassyklady”.

“Şu gün köp ýurtlar birmeňzeş serhetaşa-kiber jenaýatçylygy, bikanun neşeleriň dolanşygynyň täze görnüşleri,owaly bilen ýaşlaryň arasynda terrorçylyk hem ekstremizm ideýologiýalaryň ýaýramagy we beýleki howplar bilen ýüzbe-ýüz. Olara garşy bilelikdäki tagallalar bilen täsirli garşy durmak mümkin” diýen Krasnow GDA ýurtlarynyň baş prokurorlarynyň Koordinasiýa geňeşiniň başlygy hökmünde kärdeşlerini halkara formata goşulmaga çagyrdy.

Rus emeldary şu günler Astrahanda Türkmenistanly prokuratura işgärleriniň hem gatnaşmagynda bäştaraplaýyn gepleşikleriň geçýändigini we onda Hazar deňizi ekwatoriýasyndaky kanun bozmalara garşy durmak meseleleriniň maslahat edilýändigini ýatlatdy.

Ol duşuşygyň aglaba bölegini Ukraýinadaky uruşa bagyşlady.

“Köpsanly daşary ýurt prokuratura gulluklary, hususanda,Ýewropa ýurtlarynyň diňe bir wakalara uzak wagtlap reýaksiýa bildirmän, onlarça ýyllap düzülen hünärmen gatnaşyklary kesip, gazaply Rusofobiýa’ boýun boldylar” diýen emeldar, iki ýurdyň edaralarynyň arasynda deňhukukly hyzmatdaş gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça prinsiplere ygrarlydygyny görkezendigi üçin Türkmenistanyň baş prokuroryna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda RF-niň baş prokurory bilelikdäki çäreler barada birnäçe ýyllyk hyzmatdaşlyk meýilnama gol goýmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň baş prokurorynyň beýanatlary barada metbugat gulluk habar bermeýär.

Soňra Igor Krasnow Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýew bilen duşuşdy.

Krasnowyň takyklamagyna görä,ol Hazar deňzini goramak,bikanun neşe gaçaşçylygynyň dolanşygyna garşy göreşmek, halkara ekstremizm we terrorizm, şol sanda, “Ukraýinadaky wakalar bilen ilteşikli GDA ýurtlarynyň ählisine abanýan möhüm howplar” meselelerini maslahatlaşmak isleýär.

Krasnowyň gürrüň bermegine görä, ol GDA-niň baş prokurorlarynyň koordinasiýa geňeşiniň geçen aý Minskide geçen mejlisinde Ukraýinada ýaraglaryň gözegçiliksiz dolanşygy,onuň Gara deňizde gaçakçylygy we açyk söwdasy barada kärdeşlerine maglumat ýetiripdi.

“Bu biziň ýurtlarymyza möhüm howp bolup durýar we bilelikdäki koordinirlenen hereketleri talap edýär” diýip Krasnow aýdýar.

RF-niň prokuraturasynyň metbugat gullugy türkmen ministriniň aýdanlaryny hem getirmeýär.

TDH döwlet täzelikler gullugy, DIM-niň we baş prokuraturanyň metbugat gulluklary bu duşuşyklar barada habar bermeýärler.

Bellesek, türkmen döwlet edaralary goňşylaryndaky çaknyşyklar barada asla maglumat bermeýärler diýen ýaly ýa-da göni jümlelerden gaça durýarlar.Mysal üçin, 26-njy aprelde DIM-gi Türkmenistanyň Ukraýina ynsanperwerlik kömegi ýollaýandygyny habar beripdi.

Emma, ýükleri ýollamagynyň sebäplerini agzamandy.The post RF-niň baş prokurory Ukraýinadaky uruşy Aşgabatda maslahatlaşdy, Türkmenistanyň edaralarynyň metbugat gulluklary sapar barasynda habar bermediler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Minskde ýanwarda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň atlary agzaldy
Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli 1180 sany raýatyň günäsi geçilýär
Serdar Berdimuhamedow Keletedäki harby okuw türgenleşigini synlady
Köňüller kelamy halkara teatr festiwalynyň ilkinji spektakly