“Möwsümleýin dem alyş ýollary keselleriniň öňüni almak üçin ilçihananyň konsullyk bölümi şahsy kabul edişligini wagtlaýynça togtadýar we raýatlaryň resminamalari boýunça uzakdan işlemäge geçýär” diýip 25-nji awgustda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň internet sahypasynda çap edilen habarynda aýdylýar.
“Konsullugyň resminalar boýunça ähli hyzmatlary wagtlaýynça çäklendirilýär. Eýýäm, kabul edişlige ýazylanlara ilçihananyň işgärleri tarapynda hususy habar ediler we olar özlerine amatly wagtda kabul ediler ”diýlip maglumatda bellenýär.
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň owalky tertipde işläp başlandygy barada resmi saýtynda habar beriler.
2020-nji ýylyň iýun aýyndaky metbugat ýygnagynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin, edil türkmen häkimiýetleri ýaly ýurtda koronawirus ýokanjynyň bardygyny inkär edipdi.
“Biz türkmen tarapyna ynanmaga egimli. Emma, hiç kim, hiç haçan 100 göterim kepil geçip bilmez, üstesinede, ýokanç ýaly işde”diýip ilçi tekrarlapdy.
Geçen ýylyň 12-nji iýulynda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň birinji sekretarynyň Türkmenistandaky aýaly Wladimira Nestoýanowa Hristiana Türkmenistanda COVID-19 ýokanjynyň ýaýraýşy barada özüniň “Instegram” hasabynda gürrüň beripdi.
Onuň sözlerine görä, “ýurtda örän giç çäreler görmäge başladylar, keselliler juda köp, ölenler hem bar, emma, häkimiýetler öňkiler ýaly, ýokanjy ykrar etmeýärler”.
Dogrusy, onuň maglumatlaryny KHS ulanandan soňra habar hasapdan sylyndy.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” öňki maglumatlaryna görä, Aşgabatdaky iri söwda merkezleri, kafe ýapyldy.
Polisiýa ýüzi örtgüsiz raýatlary gözleýär we olara jerime salýar.
Paýtagtdaky kärhanalaryň we guramalaryň işgärlerinden işden çykaryljakdygy haýbaty bilen sanýym edilendigi barada subutnama talap edýärler.
Sebitlerde hassahanalar näsaglardan doly, saglyk işgärleri ýetmezçilik edýär.
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen bagly býujet işgärleriniň we studentleriň harby parada gatnaşmagy sorag astynda galýar.The post RF-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi “dem alyş ýollary keselleriniň profilaktikasy” sebäpli, raýatlary kabul edişligini wagtlaýynça bes edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.