Režissýor Stiwen Spilberg Marvel-de iň gowy görýän filmi hakynda aýtdy

Režissýor Stiwen Spilberg Marvel-de iň gowy görýän filmi hakynda aýtdy

Holliwudyň tanymal režissýory we prodýuseri Stiwen Spilberg "Marvel"-de iň gowy görýän supergahryman filmi hakynda aýtdy. Muny “Screen Ran” neşirine salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berdi.

Žurnalistleriň pikiriçe, Spilberg “Marvel”-iň filmleriniň içinde Jeýms Gannyň režissýorlyk eden 2014-nji ýyldaky “Galaktikanyň goragçylary” ("Guardians of the Galaxy") filmini has gowy görýär.Muny eşidip, filmiň režissýory Gann diýseň hoşal bolandygyny aýtdy.

Ol özüniň Twitter sahypasynda diňe Spilbergiň "Çelýusti" (“Jaws”) we "Indiana Jons" (“Indiana Jones”) filmlerine tomaşa edeninden soň film düşürmek kararyna gelendigini ýazdy. “Galaktikanyň goragçylary” kosmos operasynyň eýýäm birnäçe gezek meşhur režissýorlaryň iň gowy görýän filmi hasaplanandygy bellärliklidir.

Mundan ozal ony režissýor Gilýermo Del Toro "Marvel" kino äleminde iň gowy film diýip atlandyrypdy.Filmde ilki bilen şahsy bähbitleri üçin, soňra bolsa tutuş planetany weýrançylykdan halas etmek üçin bir toparda birleşýän kosmos başdan geçirmeleri hakda gürrüň berilýär.

Film gyzykly we aýdyň keşpleri, gülkünç degişmeleri hem-de reňbe-reň öwüşginleri bilen kino muşdaklarynyň ençemesiniň hakydasyna siňmegi başardy.

Ýene degişli makalalar

Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
Stiwen Spilberg Harrison Forduň täze filmine haýran galandygyny gürrüň berdi
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Meşhur aktwist barada täze film
Kris Rok Martin Lýuter King barada film surata düşürmekçi