Kuweýt Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin niýetlenen nebitiň maý aýyndaky üpjünçiliginiň bahasyny rekord derejä çenli ýokarlandyrdy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.
Kuwait Export Crude görnüşi üçin baha aprel aýy bilen deňeşdirilende barreline $4,5 ýokarlanar, netijede onuň bahasy Omanyň we Dubaýyň nebit sebedinden $9,3 ýokary bolar. Kuwait Super Light Crude görnüşiniň bahasy aprel aýy bilen deňeşdirilende $3,7 ýokarlanar, bu hem Omanyň we Dubaýyň sebedinden $9,65 ýokarydyr.
4-nji aprelde Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy Saudi Aramco ähli sebitlerdäki müşderiler üçin nebitiň maý aýyndaky üpjünçiliginiň bahasyny ýokarlandyrdy.Maý aýynda Aziýa iberiljek Arab Light görnüşi üçin baha aprel aýyndaky bahalar bilen deňeşdirilende, takmynan, $4,4 ýokarlanar.
Amerikan bazarynda Arab Light görnüşiniň bahasynyň ýokarlanmagy bir barrel üçin rekordly $5,65 boldy. Öndüriji Aziýa üçin nebitiň beýleki görnüşleriniň hem bahasyny azyndan barreline $2,7, ABŞ üçin barreline $2,2 ýokarlandyrdy.