Reuters: Forbes 630 mln dollara biznesini satmagy göz öňünde tutýar

Reuters: Forbes 630 mln dollara biznesini satmagy göz öňünde tutýar

“Forbes” amerikan žurnaly öz biznesini azyndan 630 mln dollara satmak mümkinçiligini öwrenýär. Biržada ýerleşdirmek üçin žurnal CitiGroup amerikan bankyny işe çekdi diýip, Reuters agentligi “Forbesiň” wekiline salgylanyp habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

“The New York Times” tarapyndan getirilen şertnama baradaky resminama görä, “Forbes” 2021-nji ýylda 200 mln dollardan gowrak girdeji gazandy, düşewünt bolsa 40 mln dollardan gowrak boldy.Maý aýynda žurnal maksatly birleşmek we satyn almak boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýa SPAC (special purpose acquisition company) arkaly bazara çykmaga synanyşdy. Ýöne “Forbes” maýadarlaryň arasynda biržada ýerleşdirmegiň bu usulynyň özüne çekijiliginiň peselmegi sebäpli şertnamany ýatyrdy diýip, gazet ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Stiw Jobsuň ogly täze şereketi işe girizmekçi
Mask Osloda geçjek işewürlik agşamlygyndan ýüz öwürdi
“Romanyň” eýesi “Premier Ligadan” bir klub satyn aldy
Forbes: Mask sanawyň başyna dolandy
Täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar’ (2-nji bölüm)
“HIF Global” kompaniýasy ýelden ýangyç öndürmek başlangyjyny öňe sürdi
Dünýäniň iň gymmat 30 kluby