Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar Köşgünde bolan Täze ýyl konsertiniň premýerasyna gelen adamlardan ýaňa zalda boş ýer ýokdy.Konsert Leroý Andersonyň Roždestwo festiwaly eseri bilen açyldy.
Orkestrantlaryň sazandarlygynda Döwlet hory baýramçylyk ruhuny we jaňjagazlaryň çeşme suwy deý tämiz owazyny ussatlyk bilen beýan edildii.Soňra Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň Güller walsy şahyrana eseri ýerine ýetirildi.Bariton mahmal owazly Türkmenistanyň at gazanan artisti Ismaýyl Jumaýew Imre Kalmanyň Sirk melegi operettasyndan mister Iksiň ariýasyny aýdyp, tomaşaçylaryň alkyşyny gazandy.
Konsertde Iogann Ştrausyň Gök gürrüldisi we ýyldyrym, Müsür marşy, Baky hereket ýaly nusgawy eserlerini orkestriň sazandalary çeper we joşgunly ýerine ýetirip, diňleýjileriň göwnüni galkyndyrdylar.Ykbal oýny ýa-da Täze ýyl başdan geçirmeleri we Öýde bir özi ýaly Täze ýylda görkezilýän meşhur filmlere sazlar hem tomaşaçylaryň göwnüni awlady.
Konsertiň ahyrynda Iogann Ştrausyň Radeskiniň marşy sazy ýaňlandy. Şowhunly saz, Resul Gylyjowyň artistlere mahsus hereketleri bu ýere gelenleri özüne bendi etdi.Her gezek sazyň gaýtalanmasy ýaňlananda ol tomaşaçylara tarap öwrülýärdi-de, olaryň el çarpmasyna dirižýorlyk edýärdi.
Diňleýjiler Täze ýyl ertekisine syýahaty peşgeş beren sazandalary şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler... -Dürli ýörelgeli we dürli stilistikaly nusgawy sazlar bilen yzygiderli çykyş edenimiz üçin biziň çykyşlarymyzy sypdyrmaýan tomaşaçylarymyz peýda boldy. Şonuň üçinem Täze ýyl konsertini týýarlanymyzda olara Täze ýyl jadysy duýgusyny peşgeş bermäge çalyşdyk.
Tagallamyz ýerine düşdimikä diýýärin.Täze ýylyňyz gutly bolsun!diýip Resul Gylyjow biziň bilen söhbetdeşlikde aýtdy.Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň nusgawy saz muşdaklary üçin 28-nji dekabrda Nebit-gaz toplumynyň medeni-işewürlik toplumynda Gysaç- ähli döwürlerde atly konsert bilen çykyş etjekdigini ýatladýarys.