Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr Nury Halmämmedowyň Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňläp bilmedik aýdymlary eserini ýerine ýetirdi

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndasky Döwlet orkestri täze möwsümi Nury Halmämmedowyň “Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňläp bilmedik aýdymlary” wokal tapgyry bilen açdy. Professionallar we saz muşdaklary bu halypanyň üýtgeşik eserini ilkinjiler bolup diňlemek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatryny doldurdylar.

Hirosima we Nagasakä atom bombalary taşlananda Nury Halmämmedow ýaňy 7 ýaşyndady. Ýapon çagalarynyň başyna düşen bela çagalar öýünde terbiýelenýän oglanjygyň yüregine ýara salypdy. Ýüregini elendiren waka onuň döredijiligine-de täsir edipdi.

Kompozitor ýapon şahyrlarynyň bu hasratly waka bagyşlanan goşgularyny ýygnap ugrady we olaryň ýedisine “Ikatýok”, “Ýagşyň aýagy”, Gyzyl guş, guş”, “Aýly agşam”, “Säher aýazy”, “Sarybilbil”, “Ala ýüzük” goşgularyna saz ýazypdy.

Bu aýdymlaryň hersinde ýaponlaryň özboluşlylygy we türkmen halkynyň özboluşly aýdym-saz ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrylypdy.

Resul Gylyjowyň tapan partituralary kompozitor aýatda diri wagty ýerine ýetirilmändi. Belki, olary Nury Halmämmedow uly eser ýazmak üçin toplan bolsa gerek. Resul Gylyjow bilen orkestriň sazandalary diňleýjilere bu özboluşly eser bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdiler.

Leýli Ökdirowa aýdymlaryň sadalygyny we päkizeligini ýürege ýakyn owazda bermegiň hötdesinden geldi, eseriň baş mazmuny: çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaga haky bardyr, çünki adam durmuşynyň manysy şundadyr—diýýär.

Saz agşamynda şeýle hem Rossininiň, Weberiň, Glinkanyň, Rahmaninowyň we Himenesiň eserleri ýerine ýetirildi, olar konsertiň temasy bilen sazlaşykly utgaşyp gitdi.

Resul Gylyjow şowhunly el çarpmalaryň arasyny bölüp, mähirli kabul edendikleri üçin diňleýjilere minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, dirižýor şatlykly habar aýtdy Döwlet simfoniki orkestri milli saz mirasyny saklap galmakda we ony wagyz etmekde bitiren işleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň “Altyn asyr” baýragyna mynasyp boldy.

Bizem orkestriň zehinli sazandalarynyň adyna ýadylýan gutlaglara goşulýarys we olaryň täze şowly çykyşlaryna garaşýarys.

Ýene degişli makalalar

Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi
“Mançester Siti” toparyna ne döw çaldy?
“Barselonanyň” 29-njy, “Benfikanyň” 26-njy kubogy
Eýran 5-nji gezek Dünýä Kubogynda