Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr aýdym-saz muşdaklaryna naýbaşy eserleri peşgeş etdi

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda Naýbaşy sazlar hemmeler üçin atly saýlama eserlerden düzülen konsert bilen çykyş etdi.Geçen saz möwsümi dünýä saz sungatynyň dürli döwürlerde we her hili ugurlarda döredilen ajaýyp eserleri bilen zehinli toparyň muşdaklarynyň ýadynda galsa gerek. Ýaşlar simfoniki orkestriniň GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň ahyrynda Mukamlar köşgündäki konserti şanly waka boldy.

RF-iň halk artisti, Russiýa döwlet kinematografiýa simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy Sergeý Skripka bilen billeikdäki işi orkestriň taryhyna şanly sahypa bolup ýazyldy.Disneýiň multfilmleriniň äheňinde sazlar, Nino Rotanyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan konsertleri, Amerikanyň owazlary üçlügi, Zamfireskunyň üçlügi, şeýle hem Ari Rolandyň jaz dörtlügi bilen bilelikdäki çykyşlary aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň ýadyndan çykmasa gerek, orkestriň sazandalary Aşyk Çaňly operasyna hem gatnaşdylar, onuň ilkinji görkezilişi Medeniýet hepdeligi -2019-yň çäklerinde Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde görkezildi.

Saz möwsüminiň Naýbaşy sazlar hemmeler üçin atly jemleýji konsertinde Mosartyň, Bramsyň, Puççininiň, Weberiň, Lýadowyň, Haçaturýanyň we beýleki tanymal kompozitorlaryň eserleri ýerine ýetirildi.Konsert Wolfgang Amadeý Mosartyň Seraldan alyp gaçmak operasyna uwertýura bilen açyldy, ol kompozitoryň beýleki eserleri ýaly ýordumlara baýlygy hem-de gündogar äheňi bilen tapawutlanýar, çünki waka Türkiýede bolup geçýär.

Onuň yzysüre ýaňlanan Iogannes Bramsyň Üçünji simfoniýasy diňleýjilerde gaýry duýgy döretdi, onuň ahyry özünde joşgunlylygy, hyjuwlylygy we durýgylar ummanyny jemledi.Zehinli ýaş aýdymçy Gözel Annahanowa Jakomo Puççininiň Toska opeasyndan aýdymy mahmal soprano owazda aýdyp, diňleýjileri özüne maýyl etdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Ysmaýyl Jumaýew Mosartyň adybir operasyndan Don Žuanyň keşbinde çykyş edip tomaşaçylaryň sag bolsunyna mynasyp boildy.Aram Haçaturýanyň Orkestr bilen skripka üçin konsertiniň 2-nji bölümi konsertiň ikinji bölümini açdy.

Solist-- ussat skripkaçy Samir Rizaýew özboluşly ussatlygy bilen bu gezegem diňleýjileri özüne bendi etdi.Andreý Petrowyň Oduň jylawlanyşy kinofilmine sazy hyjuwy bilen diňleýjileri özüne baglady.Konserti Arturo Markesiň Tans №2 eseri jemledi, ol owazlaryň çeperligi we nepis duýgylary bilen tomaşaçylara güýçli täsir etdi.

Konsertiň ahyrynda Resul Gylyjow geljekki möwsümde hem saz muşdaklaryny ajaýyp sazlar bilen begendirjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Garold Neýmark öz 80 ýaş toýuny we skripkaçylar toparynyň 40 ýyllygyny sungat muşdaklarynyň arasynda garşylady
Izmiriň opera we balet teatrynyň solistleri Aşgabatda çykyş ederler
Türkmen skripkaçysy halkara bäsleşikde baýrakly orna mynasyp boldy
Türkmen skripkaçysy halkara onlaýn saz bäsleşiginde ikinji orny eýeledi
Aşgabatda skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň solo konserti boldy
Milli konserwatoriýada baýramçylyk konsertleri boldy