RESUL GYLYJOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIMFONIKI ORKESTRINIŇ KONSERTI GEÇIRILDI

RESUL GYLYJOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIMFONIKI ORKESTRINIŇ KONSERTI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Konsert maksatnamasynyň kompozitor Greg Gulmäniň Oskaryň senasy eseri bilen simwoliki ýagdaýda açylandygyny barada Türkmenistan: Altyn asyr habar berýär.

Tomaşaçylar Oskar baýragyny almak bagty miýesser eden iň oňat filmleriň jadylaýjy sazlary bilen gurşaldy.Konsertiň başynda Aňyň ýel degirmenleri filminden bir aýdymy näzik, çaganyňky ýaly enaýy sesli Şasenem Guwerne liriki soprano bilen ýerine ýetirdi.

Orkestriň 18 filmiň jadylaýjy sazlaryndan ybarat konsertiniň üstüni Maýsa Nyýazowanyň we Döwran Şammyýewiň ajaýyp çykyşlary ýetirdi.Konsertde Gans Tsimmeriň Gladiator filminiň sazy üçin tüýdükde solony Kakajan Hudaýberdiýew ýerine ýetirdi.

Diňleýjiler orkestr sazandalaryny, konsert solistlerini we Resul Gylyjowyň 5-nji hem-de 6-njy martda ýene-de konsert berjekdigi baradaky aýdanyny el çarpyşma bilen alkyşladylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
Gladiator 24 ýyldan soň Kolizeýe dolandy
Ýylyň başy aşgabatlylaryň medeni durmuşynda düşümli boldy.WIDEO
Aşgabatda "Multfilmlerden meşhur simfoniki sazlar" ýaňlandy
Täze aýdymlary tapyldy
ABŞ-nyň Tehas ştatynda Meksika serhedine diwar örülmäge başlandy