14-nji iýunda Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Disneý.Fantaziýa konsertini berdi.Döredijilik toparynyň terjimehalyna ýene bir şanly sahypa ýazan konserte gelen adamlardan ýaňa zalda ýer ýokdy, ol nusgawy sazlaryň muşdaklaryna şekilli sazlar dünýäsine syýahatdan uly lezzet berdi.
Resul Gylyjowy täze konserti taýýarlamaga ruhlandyran Uolt Disneýiň Fantaziýa atly doly metražly multfilmi öz döwri üçin batyrgaý synanşykdy, ol ýedi epizoddan ybarat bolup, onda belli nusgawy sazlar ulanylýar.Animasion filmiň her bölegi orkestriň girişi bilen açylýar.
Film edil spektakl ýaly başlanýar: alagaraňkylykda perde syrylýar, gök fonda saz gurallaryny düzýän sazandalaryň sudury peýda bolýar.Hekaýaçy tomaşaçylary mübärekleýär... ...Ekranda kentawrlar, ýedinoroglar, kupidonlar, pegaslar...peýda bolýar.
Lýudwig Wan Bethoweniň 6-njy simfoniýasynyň sazy bilen beýan edilýän grek-rim mifologiýasynyň gahrymanlarynyň gatnaşmagyndaky jadyly ýorduma syn etmekden armaýarsyň.Maestro Gylyjow öz sazly söhbedini şahyrana Pastoral epizoddan başlady.
Sazyň ajaýyp gürrüňçidigine tomaşaçylar Iogann Gýotäniň Jadygöýüň şägirdi poemasyna esaslanýan epizoda syn edenlerinde-de göz ýetirdiler.Orkestriň sazandalary diňe bir gahrymanlaryň söhbetidir hereketlerini däl, eýsem Pol Dýukyň sazyna kybap dürli röwüş duýgylary-da çeper, takyk aksentli intonasiýalar arkaly beýan etdiler.
Düýeguşlaryň, krokodilleriň, pilleriň, begemotlaryň oýnaýan baleti...Disneýiň studiýasy Amilkare Ponkýelliniň Jokonda operasyndan Sagatlaryň tansy sazy bilen utgaşdyryp fantasmagorik ýordumy zehinli şekillendiripdir.Begemotlarda hem artistlik ukybynyň bardygyny orkestriň sazandalarynyň nepis melodiki tans dili aýan etdi.
Pýotr Çaýkowskiniň Jürlejik baletinden güller walsyny...güller, elfler, kömelekler, güýz ýapraklary we hat-da gar tozgajyklary hem nepis oýnadylar.Tomaşaçylaryň: ulularyňdyr çagalaryň şadyýan duýgylary animasiýanyň we sazyň joşguny bilen utgaşyp gitdi.
Dmitriý Şostakowiçiň dartgynly sazy bilen (orkestr we fortepiano üçin konsertiň birinji bölegi) Gaýduwsyz galaýy esgerjik halan gyzy üçin batyrgaý söweşýär.Erteki gahrymany her ädimde howp-hatara duçar bolsa-da, ol kynçylyklaryň baryndan üstün çykýar...
Galaýy esgerjik batyrgaýlygy we hoşamaýlygy bilen söýgüli gahrymanynyň başyna düşen külpetleri ýeňşine maýyl bolup seredip oturan ýaşajyk rysarlaryň ýüreginde orun tutdy.Maestro Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr Jorj Gerşwiniň Blýuz stilindäki rapsodiýa sazyny çalyp Amerikan taryhynyň dartgynly ýordumlaryny uly ýaşly diňleýjilere saz dilinde gürrüň berdi...
Zalda meniň gapdalymda konserte ogly we gyzy bilen gelen ýaş gelin otyrdy.Olaryň begenji göze ilip dursa-da, men olara sowal berdim. -Disneýiň multfilmleri esasyndaky konserte ilkinji gelşiňizmi? -Hawa.
Fantaziýanyň birinji bölegini öwen joramyň maslahaty bilen geldik. -Çagalar, size konsert ýaradymy? -Gaty gowy ýarady. -Onuň dowamyny göresiňiz gelýärmi? -Elbetde!Bu gysgajyk söhbetdeşlik zehinli toparyň her konsertinden üýtgeşik jadyly pursatlara garaşýan tomaşaçylaryň ählisiniň pikirini beýan etdi.
Bu gezek hem saz äleminiň jadysy ýüze çykdy: dünýäniň beýik kompozitorlarynyň saz diliniň baýlygyny ussatlarça beýan etmäge çalyşýan sazandalaryň döredijilik ýörelgesi diňe kämillige ymtylýan wagty başgaça bolup hem bilmez.
Resul Gylyjowa we onuň egindeşlerine simfoniki orkestriň sazandalaryna alkyş aýdýarys.Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowa bolsa üýtgeşik fortepiano solosy üçin aýratyn hoşallyk bildirýärsi.