Dagystanyň ASSR halk şahyry Resul Gamzatowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan marka çykaryldy. Poçta markasynda daglaryň we uçup barýan durnalaryň fonunda Resul Gamzatowyň suraty şekillendirilýär. 120 müň tiraž bilen çykarylan markanyň bellenen bahasy 63 rubla deň. Poçta markalaryna goşmaça hökmünde Moskwa, Sankt-Peterburg, Wolgograd, Kaliningrad we Mahaçkala üçin ýörite möhür basylan bukjalar çykaryldy.
Rasul Gamzatow 1923-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Dagystanyň Hunzahsk etrabyndaky awar obasy Sada obasynda bu ülkäniň milli şahyry Gamzat Sadasanyň maşgalasynda dünýä inýär.Ol 1939-njy ýylda Awar pedagogika kollejini gutardy we 1941-nji ýyla çenli mekdep mugallymy, soňra teatrda režissýorunyň kömekçisi, gazetlerde we radioda žurnalist bolup işledi. 1945-1950-nji ýyllarda Moskwadaky A.M.
Gorkiý adyndaky edebiýat institutynda okady. 1951-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Dagystanyň ýazyjylar guramasyna ýolbaşçylyk etdi.Resul Gamzatowyň eserleri Russiýanyň we dünýäniň halklarynyň onlarça diline terjime edildi.Gamzatowyň “Durnalar, “Güneşli günler gaýyp boldy” ýaly goşgularynyň köpüsi aýdym edilip gelinýär.