Respublikanlardan prezident saýlawyna dalaşgär bolan Nikki Heýli ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trampyň "Super Sişenbe" diýip atlandyrylan deslapky saýlawlary öňde tamamlamagyndan soň, ýaryşdan çekilmek barada karara geldi.
ABŞ-nyň BMG-daky ozalky hemişelik wekili Hikki Heýli, Günorta Karolina ştatynda geçiren metbugat ýygnagynda: "Partiýamyzyň içinde we daşynda özüni goldamaýanlaryň seslerini almak indi Donald Trampa galdy" diýip belledi.
"Beýik ýurdumyzyň dört künjeginden alan goldawlar üçin örän minnetdardyryn, emma indi kapmaniýamy bes etmegiň wagty geldi" diýip aýdan Nikki Heýli, çykyşynda mundan soň Trampy goldajakdygy bilen bagly sözler ulanmady.
Nikki Heýli sişenbe güni ýurduň 15 ştatynda geçirilen "Super Sişenbe" atly deslapky saýlawda diňe Wermont ştatynda ýeňiş gazanypdy, galan ştatlaryň ählisinde bolsa Tramp ýeňiş gazanypdy.