Resmiler Transhazar barada hökümet maslahatynda uzaga çeken dymyşlykdan soň ilkinji gezek dil açdy

Resmiler Transhazar barada hökümet maslahatynda uzaga çeken dymyşlykdan soň ilkinji gezek dil açdy

Ýakynda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussele sapar edip, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýokary derejeli energiýa resmileri bilen duşuşdy.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygy, şol sanda Transhazar gaz geçirijisiniň mümkinçilikleri maslahat edildi.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň energiýa pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Myratgeldi Meredow 22-nji oktýabrda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda prezident Berdimuhamedowa hasabat berdi. Ýatlasak, şu ýylyň 11 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Brýussele sapar edip, onuň dowamynda ÝB-niň daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Federika Mogerini hem-de Energetika birleşigi boýunça Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şewçowiç we beýleki energiýa resmileri bilen aýrybaşga duşuşyklary geçiripdi. 22-nji oktýabrda resmiler Transhazar gaz geçirijisi barada jemgyýetçilige açyk görnüşde soňky döwürde ilkinji gezek hökümet maslahatynda gürrüň gozgady. 12-nji awgustda Hazarýaka döwletleriniň Kaspi Konwensiýasyna gol çekmeginden soň, dürli habar serişdeleri, energiýa bilermenleri, beýleki käbir döwletleriň hökümet wekilleri Transhazar gaz geçirijisi barada gürrüň edýän wagty türkmen resmileri dymyp gelipdi.

Döwlet metbugatynyň soňky ýaýradan resmi habarynda Ýewropa Bileleşiginiň Transhazaryň gurluşygyna, hem-de türkmen gazynyň Ýewropa bazaryna iberilmegine uly gyzyklanma bildirendigine ünsi çekilýär.TDH-nyň maglumatlaryna görä, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gepleşiklere gatnaşyjylar bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine maýa goýum çekmäge kömek hödürläpdir.

Türkmenistanly resmiler bu proýekti durmuşa geçirmek üçin indi diňe gatnaşyjy taraplaryň razylygyna hem-de halkara ölçeglerine gabat gelýän ekologiýa şertlerine zerurlygyň bardygyna ynanýar.Taslama gatnaşýan taraplaryň biri hem Azerbaýjan bolup durýar. 25-nji awgustda habarçylaryň öňünde eden metbugat çykyşynda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bu taslama babatda gazy iberýän tarapyň belli bir netijä gelmelidigini ýatlatdy.

Orsýetiň daşary işler ministrligi Kaspi Konwensiýasynyň kabul edilmeginden soň ýaýradan beýanatynda, Transhazaryň gurluşygynda daşky gurşaw boýunça mesele ýüze çykan halatynda Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň bu meselä gatyşmaga hukuklydygy nygtalýar.Döwlet metbugatyna görä, Transhazaryň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna 30 ýylyň dowamynda her ýyl 30 milliard kub metr türkmen gazyny ibermek göz öňünde tutulýar.

Beýleki bir tarapdan, Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, gaýtadan türkmen gazyny satyn alyp biljekdigini aýtdy.Kompaniýanyň başlygy Alekseý Miller şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabada eden saparynyň dowamynda metbugatda eden çykyşynda Orsýetiň türkmen tebigy gazyny täzeden import etmek ähtimallygy barada gürrüň etdi. 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Bakuwa sapar edip azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy. Ýöne bu duşuşygyň dowamynda Transhazaryň ara alnyp maslahatlaşylandygy ýa-da däldigi häzirlikçe nämälimliginde galýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Meredowyň Azerbaýjana eden sapary barada heniz resmi maglumat ýaýratmady. Ýöne TDH bu saparyň jemleri barada çap eden habarynda, iki ýurduň arasynda Hazarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Reşit Meredowyň 11-12-nji oktýabrda Brýussele eden sapary, şondan bir hepde soň 18-nji oktýabrda Azerbaýjana eden sapary Orsýetiň Türkmenistanyň energiýasyna ýaşyl çyra ýakmak ähtimallygyny 9-njy oktýabrda mälim etmeginiň edil yz ýanyna gabat geldi.

Galyberse-de, türkmen metbugaty Orsýetiň “Gazpromynyň” Türkmenistanda gazy gaýtadan işlemekde, “gazhimiýa pudagyny ösdürmekde” bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini belleýär. Ýöne haýsy bilelikdäki taslamadan gürrüň edilýändigi agzalmaýar.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana Günorta gaz koridoryna goşulmagy teklip edýär
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda öz ilçihanasyny açar. WIDEO
Türkmenistan Ýewropa gaz ibermegiň mümkinçiliklerine seredýär
Ýewropa Bileleşigi we Serbiýa litiý üpjünçiligi barada şertnama baglaşdy
30.05.2017 | Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç: Hazar gazyny Ýewropa bazaryna çekmek anyk häsiýete eýe bolýar