Wise-prezident Jewdet Ýylmaz sosial media hasabyndan "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdi.
2016-njy ýylyň 15-nji iýul gününiň gijesi türk milletiniň hyýanatçylykly FETÖ agdarlyşyk synanyşygyny ýeňilişe sezewar edendigini we ýatdan çykmajak uly epiki dessan ýazandygyny aýdan Jewdet Ýylmaz: "Milletiň salgytlary bilen alynan ýaraglaryň millete öwrülen şol gije başdan geçirilen dönükligi ýatdan çykarmadyk, ýatdan çykarmarys.
Fetullahçy terror guramasyna we ähli terror guramalaryna garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam etdirdik, mundan soň hem dowam etdireris" diýip habar berdi.
Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş 15-nji iýul güni gije halkyň, watan söýüjilige, garaşszylyga bolan höwesi bilen, basyp alyşlygy niýet edinen huntaçylara ýol bermändigini belläp: "Güýjüni dogrulykdan we yhlasdan alýanlar hökmany ýagdaýda ýaragdan üstün çykarlar. Şol tapgyrda başdan geçirilenler hem şoldur. 15-nji iýuldaky garşylygyň we jemgyýetçiligiň ruhuny hemişe janly saklarys.
Demokratiýamyzy ösdürmek we güýçlendirmek üçin has köp zähmet çekeris.Her dürli zuluma garşylyk görkezip, hukugyň üstünligine esasly respublikamyzy goramaga dowam ederis" diýip beýan etdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan hem ýüzlenmesinde: "15-nji iýul dessanynda FETÖ garşy alynyp barylan köpçülikleýin göreş, türk milletiniň ygtyýaryny elinden almaga synanyşanlaryň jezasyz galmajakdygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Ýurdumyzda çökerdilen bu guramanyň daşary ýurtlardaky agzalaryny kazyýetiň öňüne çykarmak üçin her dürli ädimi tutanýerlilik bilen etmäge dowam edýäris" diýip mälim etdi.
15-nji iýulyň türk milleti üçin bir öwrülişik nokady bolandygyny aýdan Adalat ministri Ýylmaz Tunç: "Dönükleriň öňünde dik bolup duran milletimiz, mertebeli göreşi bilen bütin dünýä ýene-de bir gezek demokratiýa taýdan ders berdi" diýip habar berdi.
Milli Bilim ministri Ýusuf Tekin hem 15-nji iýulyň imperialistlere we olaryň hyzmatdaşlaryna berilen taryhy we epiki bir jogap bolandygyny aýan etdi.
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem çap eden ýüzlenmesinde 15-nji iýul gününiň gijesi Türkiyäni dyza çökertmek isleýän halkara imperialistik güýçlere garşy milli ygtyýara eýe çykan türk milletiniň bu asylly çemeleşmesiniň, güýçlenip barlygyny dowam etdirjekdigini beýan etdi.
Mehmet Nuri Ersoý: "Demokratiýamyzyň, milletimiziň we şehitlerimiziň öňündäki jogapkärçiligiň çäginde 15-nji iýuly ýatdan çykarmadyk we ýatdan çykarmarys" diýip belledi.
Söwda ministri Ömer Bolat sosial media hasabyndan beren beýanatynda, taryhyň dowamynda ençeme kynçylygyň hötdesinden gelen türk milleti bilen jebis bolup ata-babalarymyzyň miras goýup giden ýurdy has güýçli ertire taýarlamaga we 15-nji iýul ruhuny ýaşatmaga dowam etdirjekdiklerini beýan etdi.
Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr hem 15-nji iýulyň türk milletiniň garaşsyzlygyna we geljegine eýe çykyp, zenan, erkek, ýaş, ýaşuly diýmän jebis bolup, gahrymançylyk bilen alynyp barylan göreşiň we ýazan dessanynyň adydygyny habar berdi.
Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik hem: "15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik güni milletimiziň dünýä demokratiýa taryhyny ýaňadandan ýazan günüdir. Milli özygtyýarlylygymyzyň goralmagy üçin alyp barjak göreşimiziň çäksizdigini görkezen milatdyr" diýip belledi.