Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler

Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz sosial media hasabyndan "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

2016-njy ýylyň 15-nji iýul gününiň gijesi türk milletiniň hyýanatçylykly FETÖ agdarlyşyk synanyşygyny ýeňilişe sezewar edendigini we ýatdan çykmajak uly epiki dessan ýazandygyny aýdan Jewdet Ýylmaz: "Milletiň salgytlary bilen alynan ýaraglaryň millete öwrülen şol gije başdan geçirilen dönükligi ýatdan çykarmadyk, ýatdan çykarmarys.

Fetullahçy terror guramasyna we ähli terror guramalaryna garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam etdirdik, mundan soň hem dowam etdireris" diýip habar berdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem çap eden ýüzlenmesinde 15-nji iýul gününiň gijesi Türkiyäni dyza çökertmek isleýän halkara imperialistik güýçlere garşy milli ygtyýara eýe çykan türk milletiniň bu asylly çemeleşmesiniň, güýçlenip barlygyny dowam etdirjekdigini beýan etdi.

Mehmet Nuri Ersoý: "Demokratiýamyzyň, milletimiziň we şehitlerimiziň öňündäki jogapkärçiligiň çäginde 15-nji iýuly ýatdan çykarmadyk we ýatdan çykarmarys" diýip belledi.

Söwda ministri Ömer Bolat sosial media hasabyndan beren beýanatynda, taryhyň dowamynda ençeme kynçylygyň hötdesinden gelen türk milleti bilen jebis bolup ata-babalarymyzyň miras goýup giden ýurdy has güýçli ertire taýarlamaga we 15-nji iýul ruhuny ýaşatmaga dowam etdirjekdiklerini beýan etdi.

Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr hem 15-nji iýulyň türk milletiniň garaşsyzlygyna we geljegine eýe çykyp, zenan, erkek, ýaş, ýaşuly diýmän jebis bolup, gahrymançylyk bilen alynyp barylan göreşiň we ýazan dessanynyň adydygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gazna we Maliýe Ministri Şimşek, G-20-niň Maslahatyna Gatnaşar
Erdogan Aýasofýa metjidiniň ybadata açylmagynyň 4-nji ýyly mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny