Resmi: Messi Inter Maýami toparyna geçdi

Resmi: Messi Inter Maýami toparyna geçdi

ABŞ-nyň Inter Maýami kluby resmi ýagdaýda Messini düzümine goşandygyny habar berdi.

Argentinaly superýyldyz amerika kluby bilen üç ýyllyk şertnama gol çekişdi. Şertnamada islendik möwsümiň ahyrynda Messiniň topary erkin agent hökmünde terk edip biljekdigi baradaky şert hem girizilipdir.

Messi özüniň näme üçin Al-Hilalyň ýa-da Barselonanyň düzümine goşulmandygyny şeýle düşündirdi: Men öz geljegimi başga biriniň elin bermek islemedim. Dolansam (Barselonany göz öňünde tutýar) begenerdim, ýöne barybir beýle bolmady.

Messiniň Inter Maýaminiň düzümine goşulandygy baradaky habarlar ýaýran badyna toparyň sosial sahypalaryndaky yzarlaýjylar ýyldyrym çaltlygynda artyp başlady. Eýýäm şu wagta çenli toparyň Instagram sahypasyna 1,5 milliona golaý täze yzarlaýjy goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Messi möwsüm tamamlanansoň PSŽ-ni terk eder
Messi täze toparyny mälim etdi
Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi, Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy we beýleki habarlar
Lionel Messiniň 45-nji kubogy
48-nji Kopa Amerikanyň çempiony Argentina
Amerikanyň kubogy ― 2024: Argentina Messiniň goly bilen finala çykdy