Resmi Kepil HJ fiziki we ýuridik şahslara ätiýaçlandyryşyň 20 görnüşini hödürleýär

Resmi Kepil HJ fiziki we ýuridik şahslara ätiýaçlandyryşyň 20 görnüşini hödürleýär

Resmi Kepil hususy ätiýaçlandyryş kompaniýasy emläk we şahsy bähbitleri, jogapkärçiligi, şeýle-de gaýtadan ätiýaçlandyryş işlerini ýerine ýetirmek bilen, Türkmenistanyň raýatlaryna ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär.

Gymmat bahaly smartfonyň ekrany döwüldi, daşary ýurda ugradylan zada ýolda zeper ýetdi, ofisdir öý emlägi ýandy ýa-da suw aldy, daşary ýurda gidilende, ýa bolmasa-da ýurduň içinde tötänleýin şikes aldyňyz, awtoulag garaşylmadyk ýagdaýda ulag hadysasyna uçrady... öňünden bilip bolmaýan bu ýagdaýlaryň ählisini "Resmi Kepil" kärhanasynda ätiýaçlandyryp bilersiňiz.

Ätiýäçlandyryş näme we ol nähili işleýär

Ätiýaçlandyryş fiziki şahslaryň we guramalaryň geçirýän uly bolmadyk möçberdäki tölegleriniň esasynda olaryň ätiýaçlandyryş rezerwlerini döretmek bilen, emlägiň ýitirilen ýa-da zeper ýeten halatynda pul çykdajylarynyň öwezini dolmaga kömek edýän ulgamdyr.

Adamlar, köplenç gymmat bahaly gozgalýan we gozgalmaýan emläklerini (awtoulaglar, tehnikalar, ýaşaýyş jaýlary), şeýle hem saglyklaryny ätiýaçlandyrýarlar.Mysal üçin, Resmi Kepil kompaniýasynda 200 000 manatlyk awtoulag heläkçilik töwekgelçiliginden ätiýaçlandyrylanda, onuň eýesi awtoulagyň umumy bahasynyň 1,5%-ini ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň gaznasyna goýýar.

Eger awtoulaga dürli hili zeper ýeten ýagdaýynda, onuň eýesi ätiýaçlandyryş kompaniýasyndan ýeten zyýanyň öwezini doljak möçberde nagt pul serişdelerini alyp bilýär.

Resmi Kepil kompaniýasynda dürli hadysalar nazarda tutulyp saglyk ätiýaçlandyryşy resmileşdirilende ýyllyk ýygymyň möçberi bary-ýogy 100 manatdyr, kompaniýa bolsa bu ätiýaçlandyrma üçin 40 000 manada çenli tölegi üpjün edýär.

Resmi Kepil HJ hyzmatlaryny 2017-nji ýylyň iýulyndan bäri ýetirip gelýär. Kompaniýanyň işiniň esasy ýörelgeleri — müşderileriň isleglerini mümkin boldugyça amatly şertde amal etmek we işde esasy ileri tutulýan ugur hökmünde müşderiniň isleglerini goramak hem-de Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmäge işjeň gatnaşmakdyr.

Resmi Kepil şu görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirýär:

Mundan başga-da, kompaniýanyň hünärmenleri karz almakda ätiýaçlandyryşyň birnäçe görnüşine ýardam etmek we resminamalar boýunça goldaw bermekde öz hyzmatlaryny hödürlemäge taýýardyrlar.

Resmi Kepiliň müşderileriniň hatarynda — Gündogar akymy, Gül Zaman, Institut Français, Nurly Tolkun, Caspian Offshore, Beýik Ýüpek Ýoly, At-abraý, Nur Mimar ýaly kärhanalar we beýlekiler bar. Şeýle-de Resmi Kepil Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, Ätiýaçlandyryş hyzmatlary ÝGPJ, Hazar ätiýaçlandyryş guramasy, Gadamly ösüş HJ, şeýle hem APEX Insurance Company, Nomad Insurance, Remed Assistance ýaly daşary ýurt kompaniýalary we başgalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Işiniň 6 ýyllygy mynasybetli Resmi Kepil HJ täze ofisiniň açylyş dabarasyny gurady, oňa kompaniýanyň iri hyzmatdaşlary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, Ätiýaçlandyryş hyzmatlary ÝGPJ we beýleki kompaniýalar çagyryldy.

Resmi Kepil HJ-niň täze ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 50-nji jaý.

Resmi Kepil HJ-niň habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 48 46 36, (+993 12) 48 46 37.

Elektron poçta salgysy: info@resmikepil.com

Ýene degişli makalalar

“Aşgabat gazna biržasynda” 40 million manada golaý paýnamalar satyldy
AGB kompaniýalaryň obligasiýalary arkaly maýadarlar üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär
Şir Ýag çalgy ýaglaryny öndürýän türkmen kärhanasy daşary ýurtly alyjylary hyzmatdaşlyga çagyrýar
Sekiz sany türkmen kompaniýasy Italiýada geçirilýän Macfrut 2024 sergisine gatnaşýar
Sarayan HJ Ibragim Ibadowyň Duman atly aýdymynyň klipine gatnaşdy
Zemin syýahat syýahatçylyk agentligi: dynç alyşyňyzy we iş saparlaryňyzy ussat hünärmenlere ynanyň