Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Beşerow Begli Hezretgulyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Türkmen owazy teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Türkmen owazy teleradioýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrowyň üstüne ýüklenildi.