
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektoryna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Wolganyň döwlet suw ulaglary uniwersiteti ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň şahamçasy — General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.