Teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, tehniki binýadyny berkitmek we döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki “Sony Middle East And Africa FZE” kompaniýasy (Ýaponiýa) bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.