Reşit Rahmeti Arat

Reşit Rahmeti Arat

Türk diliniň deňeşdirmeli ylmy barlaglarynyň Türkiýedäki esaslandyryjysy bolan alym, ordinarius professorlyk derejesine eýe Raşit Rahmeti Aratdyr.Onuň türki dünýä ýetiren täsiri miras goýup giden gymmatly eserleri bilen görülýär.

Arat Gazan tatarlaryndandyr. 1900-njy ýylda Gazan şäheriniň demirgazyk günbataryndaky Eski Üjüm etrabynda dünýä inýär.Kakasynyň ady molla Abdurreşit Ismetullah, ejesiniň ady Mahbederdir.Başlangyç bilimi Üjümde alýar.

Orta mekdebi dogan agasynyň goldawy bilen Gazanyň golaýyndaky Gyzylýar şaherinde okaýar.Soň rus dilini öwrenýär.Russiýada ynkylabyň bolmagyndan soň synpyndan alynyp, harby mekdepde okadylýar.Soň bolsa fronta ugradylýar. 1919-njy ýylda Mançuriýanyň Harbin şäherine geçirilýär.

Ol ýerdäki Gazan türkleriniň jemgyýetinde jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýar we žurnallaryň neşir edilmegine gatnaşýar. 1921-nji ýylda liseýi gutarýar. 1922-nji ýylda bilim almak üçin Berline gidýär we pelsepe fakultetine okuwa girýär. Ömrüniň öwrülşik nokatlaryndan biri hem Professor Willi Bangyň türkologiýa derslerine gatnaşmagy bolýar.

Berlindäki Türk talyplar jemgyýetlerine işjeň gatnaşýar.Gazanly Aýaz İshakiniň çykarýan “Täze milli ýol” atly žurnalynda köp sanly makalalar ýazýar. 1957-nji ýylda doktorlyk derejesini alyp, Gündogar dilleri mekdebinde demirgazyk türki dilleri boýunça lektor bolýar. 1928-nji ýylda Berliniň Ylymlar Akademiýasyna ylmy kömekçi hökmünde kabul edilýär. 1933-nji ýylda Magaryf ministrligi tarapyndan Türkiýä çagyrylýar we Stambul uniwersitetiniň edebiýat fakultetinde türk dili we edebiýaty bölüminde professor bolýar. 1942-nji ýylda Türk taryh guramasynyň agzalygyna saýlanýar. 1940-50-nji ýyllaryň aralygynda Türkiýat institutynda müdürlik wezipesinde işleýär. 1949-1951-nji ýyllaryň aralygynda Londonyň Gündogary we Afrikany öwreniş mekdebinde myhman professor hökmünde ders berýär. 1958-nji ýylda ordinarius professor bolýar. 1964-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Stambulda dünýeden ötýär.

Reşit Rahmeti Arat türkologiýada dialektleriň arasynda deňeşdirmeli ylmy barlagyň öňbaşçysy kabul edilýär.Ol “Türk şiweleriniň klassifikasiýasy” atly ylmy barlagy bilen türkologiýa uly goşant goşýar.Türkçülik hereketi duýgusy we iňňän ünsli işleri bilen gelejek nesillere gymmatly eserleri goýup gidýär.

Arat Yslam ensiklopediýasynyň çap edilmegine goşant goşup, makalalary bilen bilelikde onuň dolanşygynda hem orun eýeleýär. Şeýle hem Türk medeniýetini öwreniş institutynyň esaslandyryjylaryndan biri bolup, ähli kitaplaryny we ylmy işlerini ol ýere bagşedýär.

Reşit Rahmeti Arat esasan gadymy türkçäniň, uýgur döwrüniň dil ýadygärlikleriniň üstünde işleýär. Şeýle hem musulmanlygyň ykrar edilmeginden soňky uýgurça tekstleriň bilim dünýäsine tanyşdyrylmagyna uly goşant goşýar.Stambulyň kitaphanalaryndaky ylmy barlaglarynyň netijesinde ençeme uýgurça teksti ýüze çykarýar.

Türki edebiýat üçin möhüm bolan Kutadgu Biligi döwrebap türk diline terjime edýär.Häzirki döwürde öwrenilýän we satylýan iň kämil Kutadgu Biligde onuň goly bardyr. Şeýle hem Aradyň çap eden şol eseri türki dünýäde giňden peýdalanylýar.

Atabetul Hakaýyk hem Arat tarapyndan deňeşdirmeli tekst, terjime, bellikler we indeksden ybarat mazmuny bilen çap edilýar. Şol neşirler biziň günlerimizde-de degişli alymlar üçin esasy salgylanma çeşmeleriniň hatarynda durýar.

Ömrüniň ahyryna çenli arman-ýadaman işlän Reşit Rahmeti Arat hormat bilen hatyralanýan alymlardan biridir we köp sanly talyp ýetişdirip, türki dünýä uly goşant goşandyr. 506 sahypalyk “Gadymy türk şygyrlary” atly uly göwrümli eseri bilen makala, kitap, taryhy barlaglar ýaly işleriniň sany 123-e barabardyr.

Dünýeden ötenden soň okuwçysy Professor Muharrem Ergin “Onuň dünýeden ötmegi diňe bir ýurdumyz üçin däl, türkologiýa ylmy hem dünýä derejesinde uly ýitgidir” diýip, çuňňur gynanjyny beýan edýär.Beýik alym ylmy-amaly maslahatlarda hatyralanmaga dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Aýdym-saz ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy
Ysraýylyň Gazada dowam edýän hüjümleri
Gazada dowam edýan Ysraýylyň hüjümleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ösümlikler özara aragatnaşyk saklaýar