Repetekde goraghana döredilmezden 15 ýyl öň ylmy barlaglar başlanypdy

Repetek döwlet biosferiýa goraghanasynyň taryhy 1912-ji ýylda tanymal geograf we biolog Pýotr Semýonow-Týan-Şanskiniň ýardam bermeginde häzirki Türkmenabatdan 70 km günortada, Gündogar Garagumyň merkezinde ýerleşen Repetek gumluk-çöllük ylmy-barlag stansiýasynyň açylmagy bilen başlanypdy.

Kiçijik stansiýanyň we goraghananyň ykbaly sebitiň taryhy bilen baglanşykly bolupdy. 1918-nji ýylda Raýatlyk urşunyň barşynda stansiýa weýran bolupdy, diňe 1925-nji ýylda onda tebigy goraýyş we ylmy-barlag işleri başlanypdy. Goraghana 1927-nji ýylda stansiýanyň ýanynda döredilipdi, ol çölüň haýwanat we ösümlikler dünýäsiniň, landşaftynyň esasy düzümleriniň tebigy ösüşini saklap galmak we öwrenmek boýunça işleri alyp barýardy.

1932-nji ýylda Repetekde kitaphana açyldy, häzirki wagtda onda dokuz müňden gowrak ylmy neşirler bar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ylmy-barlaglaryň köpüsi togtadylypdy, stansiýa we goraghana ylmy topluma birleşdirilipdi. 1952-nji ýylda tebigaty goraýyş ýerleriniň çäkleri gutarnykly kesgitlenilipdi.

Goraghanada ýerli nusgalar boýunça repetek gipsi“ atly täze geologik dag jynsyny ýazyp beýan eden toprak öwreniji alym W.W.Dokuçaýew, Sibiri we Merkezi Aziýany öwrenen W.A Obruçew, şeýle hem rus genetikasynyň atasy“ N.I. Wawilow dagy işläpdiler. Merkezi Garagumda kükürt magdanynyň gatlaklaryny tapan tanymal minerolog A.G. Fersman goraghananyň myhmany bolupdy.

Geomorfolog, çöllük relýefiniň şemallyk taglymatyny açan B.A Fýedorowiçiň, Çöller, ösümlikler we haýwanat dünýäsi institutynyň düýbüni tutan A.G.Bababýewiň, şeýle hem 1964-nji ýyldan 1997-nji ýylda stansiýanyň we goraghananyň direktory bolup işlän S.

W.Weýisowyň ylmy işleri Repetek bilen baglanşyklydy.Çölüň tebigaty we ol ýerde ýaşaýan jandarlar barada ylmy-popýulýar filmi surata düşüren işlis syýahatçysy hem-de ýazyjysy J.Darrel bu ýerde bolupdy we işläpdi, Siziň halaýan pasylyňyz we nirede?“ diýen sowala hemişe Garagumyň bahary“ diýip jogap beren Nikolaý Nikolaýewiç Drozdow hem ylmy işine Repetekde başlapdy.

1979-njy ýylda Repetek goraghanasy ÝuNESKO-nyň Halkara utgaşdyryjy Geňeşiniň Adam we biosfera“ maksatnamasynyň karary bilen biosfera derejesini alypdy we degişli halkara ulgamyna goşulypdy.Häzirki güne çenli gowşak çägelik-çöllük ekologiýa ulgamynyň tebigy ýagdaýyny saklap galmak, şeýle hem ýarym erkin şertlerde has seýrek duşýan haýwanlary köpeltmek onuň esasy wezipesidir. Şu ýyl goraghananyň döredilenine 90 ýyl, stansiýanyň döredilenine bolsa 105 ýyl dolýar.

Goraghananyň işgärleri tebigy toplumyň tebigy ýagdaýyny saklamak arkaly biologik we genetik köpdürliligi saklap galmak boýunça köpýyllyk çäreleri dowam edýärler, ylmy barlaglary alyp barýarlar, tebigaty goramak ulgamy üçin işgärleri taýýarlamaga ýardam edýärler, ekologiýa taýdan düşündiriş işlerini ýerine ýetirýärler.

Repetek çöllük meýdanlaryň tebigy dünýäsiniň şalygydyr: bu ýerde ýwuz howa şertlerine uýgunlaşan ak we gara sazak tokaýlary, ösümlikler we haýwanat dünýäsiniň üýtgeşik görnüşleri bar.Repetek jahanyň iň yssy ýerleriniň biri bolsa-da, bu ýerde-de durmuş öz hökümini ýöredýär.

Goraghananyň uly bolmadyk meýdanlarynda Garagumyň ösümlik dünýäsiniň wekilleriniň 65 göterimi bolup, olaryň üçden biri ýerli özboluşly ösümliklerdir, alty görnüşi bolsa diňe şu ýerde ösýändir, bu bolsa Orta Aziýa çölleriniň gadymylygy we işjeň görnüş dörediş ýagdaýlary bilen baglanşyklydyr.

Bu ýerde ak sazak, ýylak, gandym ýaly ösümlikler bitýär. Süýdemdirijilerden syçanlar we atýalmanlar, şeýle hem towşan, guşlardan serçeler, aýratynam şalkyguýruk, süýrenjilerden- asjagazlar, patmalar, okýylanlar, şeýle hem Orta Aziýa pyşbagasy bar. Dürli pasyllarda guşlaryň iki ýüz, süýrenjileriň ýigrimi, oňurgasyzlaryň ençeme görnüşleri gabat gelýär.

Repetek bir wagtlar häzirki Türkmenistanda ilkinji tebigaty goraýyş zolagy bolan bolsa, indi ýurtda döwlet tebigy goraghanalarynyň dokuzysy bolup, olaryň umumy meýdany 900 müň gektara golaýdyr.Olar Köpetdag (Mäne-Çäçe we Guryhowdan çäkli goraghanalary bilen), Hazar (Ogurjaly çäkli goraghanaly), Sünt-Hasardag (Sünt-Hasardag çäkli goraghanaly), Gaplaňgyr (Sarygamyş, Şasenem çäkli goraghanaly), Amyderýa (Kelif çäkli goraghanaly), Köýtendag (Garlyk, Hojapil, Hojaburçbelentlik, Hojagaragul çäkli goraghanaly), Bathyz (Gyzyljar, Pulhatyn, Çemenebit çäkli goraghanaly) we ýakynda döredilen çäkli goraghanaly Bereketli Garagum“ goraghanalarydyr.

Ýene degişli makalalar

Ýerajy çäkli goraghanasy: guşlaryň gyşky hasabaty hem-de ... türkmen tebigatynyň şahyrana keşbi
Çarlak tokaýy
Repetek: çölüň janly tebigat şalygy
Professor Eldar Rustamow ylmy işe başlamagynyň 50 ýyllygyny belledi
Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy atly tebigaty goramak gaznasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Döwletliler köşgünde we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işler geçiriler