Repetek: çölüň janly tebigat şalygy

Repetek, Repetek Saharasy -- ýaşy müňýyllyklardan habar berýän alaňlardyr gum erezleri eol eýýamynda kemala gelen sözeniň we ýaz aýlary eňňitlerdir çöketlerde gulanguýruklaryň hoşboý ysy kükräp duran, sazak jeňňelleridir gyrymsy agaçlaryň, ygally ýyllarda bol otly we aktelpek kömelekleriň, mohlardyr lişaýnikleriň ýaýylyp ýatan mekanydyr...

Repetek döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylda 1912-nji ýyldan bäri hereket edip gelen Repetek çägelik - gumluk stansiýasynyň Türkmenistanda iň köne aýratyn goragly tebigy meýdançasynyň esasynda döredildi.

Bu ýeriň özboluşly çöl ösümlikleriniň dürli taksonomiki 550-den gowrak görnüşi bolup, olaryň 37% diňe Garaguma we Gyyzlguma mahsus ösümlikleridir, olaryň 6-sy diňe Garagumda ösýär.Soňky ýyllarda Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjynyň (CADI/КАДИ) --Türkmenistanyň çöllerini saklap galmak we olary durnukly ulanmak Taslamasynyň çäklerinde geçirilýän barlaglaryň netijesi boýunça olaryň sany artýar we eýýäm Gyyzl kitaba girizilen porsaňgozan barlygy ýüze çykaryldy.

Çölde ýaşaýan oňurgasyzlaryň 1350-ä golaý görnüşi, şol sanda mör-möjekleriň 1300-den gowrak görmüşiniň aglaba bölegi diňe gumlara mahsuslary, şol sanda hin we Pawlowskiniň çekirtgeleri, çölçi çekirtge, Sumakowyň kelteganatlylary, Antiýa wyžžyldawuk tomzagy we türkmen tomzagy bu ýere görk berýärler.

Süýrenjileriň üç topardan 24 görnüşi: pyşbaganyň -1, suwulganlaryň 13 we ýylanlaryň 10 görnüşi bolup, olaryň arasynda endemik gibrid görnüşi gyzylzolak lors bar.

5 topardan süýdemdirijileriň 31 görnüşi: mör-möjek bilen iýmitlenýänlerden 3, golganatlylardan -- 4, gemrijilerden 12, towşanpisintlerden -1, ýyrtyjylardan 9 we goşatoýnaklylardan 2 görnüşi bu ýerde mekan tutupdyr.Alabasar, inçebarmak alaka, darakbarmak we tüýlaýak atýalman endemiki jandarlardyr.

Haýwanlaryň 3 görnüşi çöl pişigi, garagulak we jeren 2011-nji ýylda neşir edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, TGHJ-niň Gyzyl sanawyna we CITES sanawyna girizilendir.Goraghananyň merkezi hojalygynda keýikleriň wolýerde saklanýan malhanasy bar.

Oňurgaly jandarlaryň arasynda guşlar kändir, olardan has seýrek duşýany Gyzyl kitaba girizilen çöl serçesi, ýurdumyzda we Balhaş töwereginde ýaşaýan çürçüri, şeýle hem çäkli ýerleriň jandary akganat daşdeşen duş gelýär. Ýewropanyň tokaýlarynda, taýgalarda we Aziýanyň, Ýaponiýnayň hem-de Demirgazyk-Günbatar Afrikanyň dag tokaýlarynda giňden ýaýran ala daşdeşeniň kowumdaşy akganat daşdeşen duş gelende ol diňe bir höwesjeň ornitologlardyr syýahatçylar däl, hat-da bioköpdürlülik boýunça hünärmenleri-de haýran edýär.

Çap edilen maglumatlara laýyklykda, geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda goraghanada guşlaryň 200 töweregi görnüşi bolup, olaryň arasynda: Gyzyl kitaba girizilen gyzgylt we buýraly gotan, akgöz çümüji ördek, balykçy gyrgy, adaty ýylançy gyrgy, mazar garaguşy, bürgüt, sähra göwenegi, ütelgi, togdary we ýokarda agzalan çöl serçesi bar. 2011-nji ýylda neşir edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň çapdan çykan döwründe Gündogar Garagumda olaryň höwürtgeleýän 60 jübti bardy. Şu ýylyň baharynda goraghanada olaryň iki jübtüniň höwürgeländigi we goraghananyň serhedinde uly ýaşlylarynyň hem iki jübtüniň barlygy ýüze çykaryldy.

Güýzde Gapakly guýysynyň töweregindäki çölde, goraghana bilen onuň Ýerajy aýratyn çäkli goraghanasynyň arasynda olaryň taşlan höwürtgeleriniň ikisi tapyldy.

100 ýyldan gowrak wagt bäri çölleri öwrenýän hünärmenler eremologlar, galyberse-de tebigaty halaýanlar üçin Repetek sözi tutuş Zeminiň çöllerinede köp duşýan yzy üzülmeýän şemallaryň aýdymy ýaly bolup eşidilýär.Biosfera goraghanasy baý mirasly we demirgazyk gurak çölleriň has çylşyrymly şertlerinde toplanylan tejribäniň hemmeler tarapyndan ykrar edilen ylmy merkezi bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň ylym işgärleriniň häzirki nesliniň wezipesi bu işi abraý bilen dowam etmekden ybaratdyr.

Goraghananyň sanawynda suwda-batgalykda ýaşaýan we balyk bilen iýmitlenýän guşlaryň (mysal üçin, balykçy gyrgynyň) peýda bolmagy ozal bu ýeriň gapdalyndan geçýän Amyderýanyň jülgelerinden tötänlikde düşen guşlar diýlip düşündirilýärdi, soňky döwürde onuň töwreginiň we Ýerajy çäkli goraghanasynyň landşafty hem-de guşlaryň düzümi düýpli özgerdi, bu barada indiki makalamyzda gürrüň bereris.

Ýene degişli makalalar

Ýerajy çäkli goraghanasy: guşlaryň gyşky hasabaty hem-de ... türkmen tebigatynyň şahyrana keşbi
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
Ýerajy çäkli goraghanasy: Gündogar Garagumdaky guşlar dünýäsi
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryny we ähli watandaşlaryny ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady
Setirleri döwürleri bezeýän dana
Türkmenistanyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi