Reňkleri dillendiren ussat

Reňkleri dillendiren ussat

Türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň kökleri özüniň gözbaşyny irki orta asyrlardan alyp gaýdýar.Häzirki döwürde türkmen şekillendiriş sungatynyň ähli düzümleri pajarlap ösmeginiň täze tapgyryny başdan geçirýär.Türkmen halkynyň durmuşynda medeni-ruhy dünýägaraýşyň baýlaşmagynda esasy çeşmeleriniň biri hem şekillendiriş sungaty hasap edilýär.

Parahatçylygy, dostlugy we halklaryň arasyndaky jebisligi, raýdaşlygy pugtalandyrmakda, hyjuwdan doly çeýe hereketliligi, ruhubelentliligi, taryhy hakykatlary we söýündiriji milli täsinlikleri, halkyň durmuşynda bolup geçýän täzelikleri, ösüşleri, zähmet adamsynyň edermenligini, ynsanperwer ymtylyşlary, tebigat gözelliklerini, döwürleriň medeni, syýasy, pelsepe we ahlak gymmatlyklary köptaraply işjeň usullar, öňdebaryjy tejribeler we çeperçilik aýratynlyklaryň dürli pursatlary bilen ylhamly dünýäleriň çeper sazlaşygy arkaly wasp etmekde, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde we şöhratly geçmişiň, döwürleriň arabaglanyşygynyň jadyly menzillerini öwrenmekde sungat kuwwatly güýç we mukaddes binýatlaryň başlangyjy bolup hyzmat edýär.

Jemgyýetçilik rowaçlygynda adam zähmetini we jemgyýetçilik ahlagyny çeper keşplerde beýan edilmekde, şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine badalga berýän sungatyň suratkeşlik, grafika, bezeg, amaly-haşam görnüşleri, milli medeni mirasyň dürdäneleri uly hyzmaty ýerine ýetirýär.

Reňkler tebigat gözelliginiň häsiýetler, hiller we pursatlar bilen açylmagynyň yşaraty, keşpleriniň şirin zyban duýgular bilen sazlaşygynyň şekili bolup dabaralanmasydyr.

XX asyr milli şekillendiriş sungatynyň görnüşlerini we žanrlaryny ösdürmekde, žiwopis mekdebiniň umumyhalky baýlyklarynyň tematik örüsini kämilleşdirmekde, çeperçilik mirasymyzyň, medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşlerini, Watanymyzyň, halkymyzyň taryhy ykbalyny, ene topragymyzyň mukaddesligini, şan-şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly sahypalaryny döwrebap öwüşgünlerde wasp etmekde zehinini, başarjaňlyk ukyplary hem-de zähmetsöýer, ezber, düşbi nazarlary bilen tapawutlanan sungat ussatlarynyň onlarçasyny peşgeş berdi. Şolaryň biri hem milli, sebit hem-de halkara derejesinde sarpalanýan, döredijilik dünýäsi nakgaşçylyk sungatyna örklenen halypa nakgaş Aýhan Hajyýewdir.

Reňklerden gözellik döreden ussat 1924-1998-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçýär. Çeperçilik ussahanasynyň önümçilik işleri köpleriň kämillik, yhlas, ynam, isleg, ruhubelentlik, yşky, erjellik, joşgunlyk, hyýaly höweslerini, duýgularyny, hyjuwly meýillerini, pähim-parasat başarnyklaryny gandyrýan görnükli nakgaşyň ykbalynda ilkinji diýen söz köp duş gelýär.

Milli şekillendiriş sungatynda nakgaşçylyk mekdebiniň binýadynda onlarça täze nesilleriň kemala gelmegine uly goşant goşan Aýhan Hajyýewiň döredijilik ussatlygyna heniz 13 ýaşyndaka, Moskwa şäherinde 1937-nji ýylda halkara derejesinde geçirilen, şol bäsleşige hödürlän Pagta meýdanyndaky dynç alyş atly suraty üçin ilkinji gezek baýrakly orun bilen sylaglanýar.

Ol 1941-1955-nji ýyllar aralygynda okuw, iş we ylmy barlag saparlarynyň çäklerinde P.Kotow, I.Çekmazow, W.W.Faworskaýa, P.D.Pokaržewskiý ýaly geçen asyryň ussat sungat halypalardan O.K.Mone, I.K.Aýwazowskiý, S.Bottiçelli, E.Munk, I.Bosh, I.Pollok, A.Kuindji, T.Şewçenko, E.Uorhol, P.Renuar, I.Şişkin, O.Kiprenskiý ýaly meşhur nakgaşçylar, tanymal sungat wekilleri tarapyndan esaslandyrylan döredijilik ugurlary, orta asyr gündogar, ýewropa nakgaşçylyk senediniň miniatýura, kinetiki, milýaž, tebigat, zenan, şahsyýet dünýäsini şekillendiriş žanrlarynyň aýratynlyklaryny, geometriki kompozision köpdürliligini, grek, müsür, mawritan, hindi, hytaý, nemes, iňlis, fransuz, ispan, golland, arap, rus, malorka, polýak, antik şekillendiriş mekdepleriniň portret nusgalarynyň dörediliş syrlaryny, mozaika, pop-art, gotika, plint, polihromiýa, kendirli, eskizli, etýutly amaly-haşam ýadygärliklerini, dürli usullarda dürli temalara degişli şekillendiriş eserlerini döretmegiň ýörelgelerini, äheňlerini, döredijilik hyzmatdaşlygynyň aýratynlyklaryny, sungatyň köpburçly gönükmelerini, tilsimlerini we deňlemelerini ýadawsyz, irginsiz gözlegler, köptaraply gyzyklanmalar we tutanýerli höwesler bilen içgin öwrenýär.

Bu üstünlikli tejribeleri dowamly öwrenmegi suratkeşde dünýä derejesinde milliligiň, ylmy başarnyklarynyň, döredijilik ussatlygynyň artmagyna uly badalga berýär. Şekillendiriş sungatynda teatral, foto, kitap, grafika, haşamlamak, illýustrasiýa, dekoratiw, etýut, folklor gahrymanlarynyň epizotlaryny tebigy häsiýetde janlandyrmak bilen bagly žanrlaryň kämilleşmegine önjeýli goşant goşan Aýhan Hajyýewiň 1960-1995-nji ýyllar aralygy sungat ykbalynda we döredijilik menzillerinde önümli döwürler, galkynyşly ýyllar hasap edilýär.

Sungatyň soňlanmajak dünýäsinde halypanyň ylhamly nazarlary arkaly dürli ýyllarda döredilen Bagtyýar zähmet, Wysal bolan arzuw, Ilkinji mugallym, Ylym pagtaçylaryň kömekçisi, Bir maşgala bolup, Asyrlar boýy edilen arzuw hasyl boldy, Magtymguly zergär, Ýanbermez, Harmanda, Bahar, Bar zat geçip, bar zat özgerip dur, Halyçylar, Bäşimiz, Meňli, Bir supranyň başynda, Ýanbermez, Magtymgulynyň aramgähinde, Boýun egdirijiler, Mollaoraz, Agyr ýyllar, Aýnabat Begenjowa, Amangeldi Amandurdyýew, Annagül Annagulyýewa we Gurban Durdy ýaly çeper nakgaşçylyk eserleri dilleriň, medeniýetleriň we döwürleriň serhetlerinden aşyp ählihalk söýgüsini gazanmagy üstünlikli dowam edýär.

Taryhy jemgyýetçilik nukdaýnazardan döredijilik işleri, hyzmatyň ykrar ediliş derejeleri bilen hormatyň, sarpanyň, mertebeli abraýyň köptaraply basgançaklaryny gazanmagy başaran Aýhan Hajyýewiň jöwher paýhasyndan, ötgür, näzik galamynyň astyndan kemala gelen eserlerine we çeper ýygyndylaryna ýagtylygyň dury, açyk, arassa, aýdyň şekillerinde gözellik, giňişlikdäki duýgulary täzeçil taglymatda, boýaglaryň jadyly syrlaryny, gözýetimlerini, millilik, dykgatlyk, aýgytlylyk, maksadaokgunlylyk, gahrymançylykly, durnukly, çuňňur garaýyşlary, akyl göwherleri, erkinligi, deňligi ümsüm, sazlaşykly sungatyň sözsüz dilinde düşündirmek, şöhlelendirmek mahsusdyr.

Milli şekillendiriş mekdebiniň ösüş taryhynyň piramidasynda mertebesi ýokary basgançagy eýeleýän Aýhan Hajyýewiň döredijiliginiň dilinde we stilistik durkunda orun alan eserleriň çeper mazmunyny ynandyryjylykly açyp görkezmekde ýedi dürli reňklerde ( gyrmyzy, mele, gök, mawy, sary, ak, ýaşyl) dünýewi, demokratik, parahatçylyk, erkinlik söýüji meýilleri dabaralandyrýan sazlaşygyň, bitewiligiň, täzeçilligiň jemlenýändigini görmek bolýar.

77 ýyl mundan ozal Baýmuhammet Garryýewiň, Berdi Kerbabaýewiň, Beki Seýtäkowyň, Mäti Kösäýewiň, Alty Garlyýewiň, Daňatar Öwezowyň, Gara Seýitliýewiň we akyldaryň dogduk mekanynyň oba ilatynyň ýakyndan ýardam bermeginde Aýhan Hajyýew Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry, döwürleriň sahypalaryna altyn çaýan, ýyllaryň laglyna öwrülen Magtymguly Pyragy atly kanoniki portretini döredýär.

Köptaraply gujur, yhlas, tutanýerlilik siňen, ussadyň sünnäläp, taraşlap döreden, üç asyrdan bäri döwürleriň baş gahrymany bolup gelýän, halkara sergilerinde we sungat muzeýlerinde uly abraý gazanan, türkmen nakgaşçylyk sungatynda täze sahypalary açan Magtymgulynyň rowaýata öwrülen ömrüne, keşbine bagyşlanylan bu eserden soňra umumy ýakynlygy, meňzeşligi, ugurdaşlygy we bütewiligi özünde jemleýän tanymal nakgaşlaryň kyrkdan gowragy tarapyndan soňky ýarym asyrda 200-e golaý täze şekillendiriş işleriň döredilmegi aýratyn buýsandyryjydyr.

Mähriban watanymyzda sungaty öwreniş ylymlarynyň professory diýen ylmy alymlyk derejäniň, hormatly atlaryň, döwlet sylaglarynyň birnäçesiniň ilkinji eýesi bolmak bagty Aýhan Hajyýewiň şöhratly, ezizlenýän, mübärek ady bilen berk baglanyşyklydyr.Ylmy jemgyýetçilikde we sungatyň taryhynda ilkinji bolup Azadynyň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Mätäjiniň, Seýdiniň edebi-taryhy keşplerini şekillerde janlandyran hem-de kitaplarda orun alan nusgalaryny dabaralandyrýan başlangyçlaryň gözbaşlary Aýhan Hajyýewiň köptaraply zähmetine, söýgüli kärine we mukaddes hünärine degişlidir.

Meşhur türkmen nakgaşçynyň eserleriniň yklymlaryň 30-a golaý şäherlerindäki milli muzeý hazynalarynda, hususy ýygyndylarynda aýratyn gymmatly maddy baýlyklar hökmünde saklanylmagy sungat ýaryşynda bedew aty säginip görmedik milli senetgärimiz üçin beýiklikden nyşandyr.

Bu görkeziji bolsa tebigatyň we jemgyýetçilik-taryhy hadysalaryň binýadynyň çak etme pikirlerden başlanýan gözellikleri netijeli ösen medeni baýlyga we hakykatyň kanunlaryna öwürip bilmek başarnygy köpugurly binýadyny özünde jemleýän Aýhan Hajyýewiň ýokary we ählumumy derejeli ussatlygyndan, mukaddes maddy çeper önümleri döretmek ukybynyň, gözýetim nazarlarynyň beýikliginden, kalplara siňen keşbiniň dowamatlygyndan habar berýär.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň öwrenmegine ilkinjiler bolup badalga berilmeginiň kerwenbaşylary hasap edilýän sungat ussatlary Aýhan Hajyýew, Berdi Kerbabaýew, Hally bagşy ýaly birnäçe medeniýet wekilleriniň doglan günleriniň şanly seneleriniň döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi döwrüň bagtyýarlygyndan, milli medeniýetiň rowaç gadamlarynyň ösüşini, Magtymguly Pyragynyň Daýym dessan bolsun älemde adyň diýen arzuwly setirleriniň hasyl bolandygyny aýdyň dabaralandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň sport göreşi boýunça ýetginjekler ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşýar
Beýik akyldara bagyşlanan nusgalyk eserler
Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri Türki dilli edebiýatyň dürdäneleri eserler ýygyndysyna girizildi
Akyldaryň okan mekdebi
“Türkmenistan” teleýaýlymynyň täze başlygy bellenildi
Türkmenistanda Türkmentel — 2022 atly XV halkara maslahaty geçirilýär, koreý filmleriniň görkezilişi geçirildi, Atatürküň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy