Awtoulag öndürijisi Renault wodorod hereketlendirijisi bilen işleýän täze görnüşdäki awtoulagyny alyjylara hödürledi.Täze awtoulag dizaýn müdiri Gilles Widalyň ýolbaşçylygynda işlenip düzüldi we 2022-nji ýylyň maý aýynda satuwa çykarylar.
Renault öňdenem bar bolan ekologiýa taýdan arassa awtoulaglaryň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda 1.8 litrlik benzin turbo hereketlendirijisi bilen A110 sport awtoulaglaryny öndürýän Alpine sport markasynyň awtoulaglary ýakyn wagtda elektrik bilen işleýän awtoulaglara öwrüler.
Şeýle-de bolsa, ixbt.com-yň bellemegine görä, Dacia tarapyndan dolandyrylýan söwda markasy Ýewropanyň kanunlary rugsat berýänçä benzin we dizel awtoulaglaryny öndürer. Bu karar kompaniýanyň býujet markasynyň awtoulaglarynyň bahalaryny pes derejede saklamak islegi bilen baglanyşyklydyr.