Renault öz logotipini resmi taýdan täzelenýändigini mälim etdi. Munuň özi awtoulag pudagynda ýylyň başyndan bäri dördünji täze logotipdir. Ondan öň “Kia”, “General Motors” we “Peugeot” öz logotiplerini üýtgedipdiler diýip, vesti.ru habar berdi.
Aslynda bu logotip ýanwar aýynda "Renault 5" konsepsiýa awtoulagynda görkezilipdi. "Renault"-da ýetmişinji, segseninji ýyllarda hem edil şuňa meňzeş logotip bolupdy diýip, çeşme belleýär.Rebrendinge “Renault”-yň dizaýneri Žil Widalyň ýolbaşçylyk edendigi resmi taýdan yglan edildi, ýöne ol ýaňy bir geçen güýzde “Renault” toparyna goşulypdy.
Täzelenen logotip bolsa 2019-njy ýyldan bäri işlenip gelinýärdi. “Renault” 1899-njy ýylda döredildi.Täze logotip onuň taryhda dokuzynjy nyşany bolup, onda romb ilkinji gezek 1925-nji ýylda ulanyldy. Ýakyn geljekde täze logotip markanyň web sahypalarynda we mahabat materiallarynda peýda bolar.
Emma awtoulaglarda we awtosalonlarda welin diňe 2022-nji ýylda ulanylyp başlar.