Remezan aýynyň başlanmagy bilen, harytlaryň bahasy 50%-e çenli gymmatlady

Remezan aýynyň başlanmagy bilen, harytlaryň bahasy 50%-e çenli gymmatlady

Türkmenistanda musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň başlanmagy bilen, azyk harytlarynyň bahasy 50%-e çenli gymmatlady. Aşgabatly ýaşaýjylaryň ençemesi nyrhlara hökümet tarapyndan gözegçilik edilmeýändigine nägilelik bildirýär.

Bu waka, prezidentiň ýurduň bazarlarynda bahalary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtamagyndan birnäçe hepde soňa gabat geldi.

“Gymmatlamany paýtagtyň tas ähli bazarlarynda we dükanlarynda synalsa bolýar.Esasy gymmatlama towuk ýumurtgasynda we pagta çigidinden öndürilen ösümlik ýagynda göze ilýär. Ýumurtganyň bir sanysy düýnki güne çenli 1 manat bahalanýardy.

Häzir ony 1 manat 50 teňňeden bärde satyn alyp bolmaýar. Öý ýumurtgasynyň bahasy bolsa, 2,5 manatdan 3 manada gymmatlady” diýip, paýtagtly ýaşaýjy anonim şertde 10-njy martda gürrüň berdi.

Aý senenamasy esasynda kesgitlenýän we her ýyl dürli senelere gabat gelýän Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 11-nji martyň säheri bilen başlandy we 9-njy aprel gijesine çenli dowam edýär.

Bir aýyň dowamynda köp adam ir säherden agşam gün batýança agyz bekläp, oraza tutýar. Şeýle-de, köp türkmenistanly agyzaçar agşamlaryny gurnap, dogan-garyndaşlaryny, dostlaryny çagyrýar. 10-njy apreliň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.

Habarçylarymyz azyk harytlarynyň aglabasynyň bahasynyň eýýäm 9-njy martda gymmatlap başlandygyny aýdýarlar. Gök-bakja, süýt-gatyk, süýji-köke we et önümleriniň bahasy azyndan 10-15 göterim ýokarlandy.

Söwdagärleriň ençemesi gymmatlamanyň sebäbini özleriniň hem harytlary satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanandygy bilen düşündirýär. Ýöne köp ýaşaýjy söwdagärleriň Remezan aýynda söwdanyň gyzgalaňly boljagyny bilip, pursatdan peýdalanýandygyny aýdýar.

“Olar bu aýyň dowamynda harytlaryň nyrhyny ýokarlandyryp, köp gazanç etmäge çalyşýarlar. Sebäbi olar ýaşaýjylaryň bar üýşürenje puluna azyk satyn alyp, Remezan aýyny gowy geçirmäge, agyzaçar etmäge çalyşjagyny bilýärler. Ýogsam, Remezan aýynyň ýetip gelmegi bilen, näme sebäpden birden azyk gymmatlasyn?!” diýip, paýtagtly ýaşaýjy belledi.

Mundan başga-da, ýaşaýjylaryň ençemesi nyrhlara hökümet tarapyndan gözegçilik edilmeýändigine nägilelik bildirýär. Olar bazar administrasiýasyna edýän şikaýatlarynyň hem netije bermeýändigini aýdýarlar.

“8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara 60 manat pul sowgadynyň berilýändigini teleýaýlymlarda ençeme günläp mahabat etdiler, ýöne bazarlarda harytlaryň gymmatlandygy barada dil ýarmaýarlar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy alyjylaryň özaralarynda edýän gürrüňlerini aýtdy.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada paýtagtyň söwda edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Ýöne bu gymmatlama, prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda bahalary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nobatdaky gezek nygtamagyndan üç hepde soňa gabat geldi.

Döwlet baştutany 16-njy fewralda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny hem belläpdi. Prezident wagtal-wagtal şuňa meňzeş çykyşlary edýär.

Muňa garamazdan, adatça ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda, bazarlarda azyk harytlarynyň bahasy ençeme göterim gymmatlaýar. Bu gymmatlama, käte baýramçylygyň yz ýanynda hem saklanyp galýar, käte-de nyrhlar öňki durkuna dolanýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda azyk harytlary 50% gymmatlady
Häkimiýetler nägile raýatlardan nägile bolýar
Zyýat Hil Oraza baýramy üçin konditer önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär
Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA