
Türkmenistanda Remezan aýynyň başlanmagy bilen metjitlere barýan adamlaryň sany esli köpeldi. Adamlar bir-birden we topar bolup metjitlerde üýşýärler we namaza durýarlar. Bu ýagdaýda häkimiýetler tarapyndan hüşgärlik artýar, musulman dinçileriniň üýşmeleňlerine gözegçilik artýar. Häkimiýetleriň basyşyny şu gün başga dinleriň wekilleri hem duýýar, prawoslaw hristianlaryň uly agyz bekleme döwründe dinçilerden öýlerinde bolmak talap edilýär.
Azatlygyň habarçylary paýtagtda dinçileriň, şol sanda agzyny bekleýänleriň köpüsiniň şu günler öz ýaşaýan ýerlerine golaý metjitlere tarawa namazyny bilelikde okamak üçin barýandygy we uly üýşmeleňleriň döreýändigini habar berýärler.
"Yslam dininiň taglymatyna görä, öýde ýekelikde okamakdan, metjitde märeke bolup okamagyň has uly sogapdygyna dinçiler ynanýarlar" diýip, habarçymyz belleýär. Onuň sözlerine görä, metjitlerde Remezan aýy bolany üçin uly märeke jemlenýär, başga wagty adatça diňe anna güni juma namazyna barýan köp bolýar.
Aşgabatda metjitleriň ençemesi bar, olar paýtagtyň dürli etraplarynda ýerleşýär, emma Azady we hezreti Omar metjitlerine barýanlaryň has köpdügini habarçy aýdýar.
Dinçiler gözegçilige sezewar edilýär
Bu aralykda häkimiýetler metjitlerdäki uly üýşmeleňlere gözegçilik edýär. Hususan-da, metjitlerde gelen adamlaryň ýanynda mobil telefonlaryň bolmazlygy talap edilýär.
"Ymam her gün tarawa namazyna gelýän adamlara ýany bilen telefon getirmezligi tabşyrýar. Ylaýta-da metjidiň içini surata düşürmezligi we sesi ýazgy etmezligi berk tabşyrýar" diýip, aşgabatly dindar aýdýar.
Metjitlere mobil telefonlary getirmezlik tabşyrygynyň berjaý edilişi berk barlanýar.
"Tarawa namazynyň öňünden we soňundan her metjide güýç gulluklarynyň onlarça işgäri barýar. Olar raýat we iş eşiklerinde bolup, metjide gelen erkek we ikinji gatda namaz okaýan aýal-gyzlaryň elinde mobil telefonunyň bolmazlygyna gözegçilik edýär" diýip, paýtagtyň metjitlerindäki ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, gadagançylygy bozan adamlara administratiw jogapkärçiligine çekiljegi we temmi beriljegi duýdurylýar.
Dinçileriň mobil telefonlaryny metjide alyp barmazlygynyň sebäplerini din wekilleri we howpsuzlyk işgärleri düşündirmeýärler diýip, çeşmeler aýdýarlar we muňa hökümetiň dini işlere goşulmagynyň we dinçileri gözegçilik astynda saklamagyň alamaty hökmünde garaýarlar.
"Her gün giçlik köp adamyň bir ýere üýşmegi hökümeti biynjalyk edýäne meňzeýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň biri aýtdy.
Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan berk guramalaşdyrylýan köpçülikleýin syýasy, medeni we sport çärelerden başga uly üýşmeleňler adatça göze ilmeýär. Şu sebäpden metjitlere köp adamyň jemlenýän pursatlary häkimiýetleriň ünsüni çekýär.
Mundan ozal metjitlere barýan dinçileriň soraga çekilýändigi we olardan üýşmeleňlere barman, namazy öýlerinde okamagyň talap edilýändigi, şeýle-de zenanlaryň metjide barmazlyga ündelýändigi barada Azatlygyň habarçylarynyň ençeme maglumatynda aýdylypdy.
Hristianlaryň dini ybadatlaryna böwet döredilýär
Türkmenistanda musulmanlaryň mukaddes Oraza aýynyň dowam edýän wagtynda prawoslaw hristianlarynyň welikiý post, ýagny uly agyz bekleme döwri dowam edýär.
Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Daşoguzda hristianlaryň dini ybadatlaryna häkimiýetler tarapyndan böwet döredilýär.
Daşoguz şäherindäki Ortodoks ybadathanasynda 20-nji aprelde belleniljek "Keramatly Isanyň direlen gününe" taýýarlyk bilen bagly ybadat işleri geçirildi. Emma ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu ybadat işleri ýerli polisiýa tarapyndan bökdelýär, polisiýa işgärleri ybadathana gelýän käbir adamlary soraga çekýär we olara dini dabaralaryny "açyk meýdanda belläp ýörmezligi" tabşyrýar.
"Polisiýa işgärleri ybadathana barýan adamlaryň birnäçesini saklap, 'Oraza aýynda spirtli içgi içip köçä çykmaň, baýramçylygyňyzy öýde belläň. Ýatdan çykarmaň, siz musulman döwletinde ýaşaýarsyňyz' diýip haýbat atdy" diýip, daşoguzly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Prawoslaw hristianlaryň uly agyz beklemek döwri şu ýyl 3-nji mart we 19-njy aprel aralygyna düşýär we dini kada-kanunlaryna görä, onuň dowamynda dinçiler arak içmek beýle-de dursun, et we süýt önümlerini iýmekden hem saklanýar.
Daşoguzly çeşmeler ýerli hristianlara bu görnüşdäki basyşyň welaýatyň çäginde öň bolmandygyny aýdýarlar. Şu günler polisiýa ybadathananyň golaýynda patrul gözegçiligini güýçlendiripdir.
"Ol ýere patrul goýuldy, emma patrul käte görünýär, käte ýok bolýar. Şeýle-de hristianlar azlyk, bizi yzarlap näme etjeklerini bilemok" diýip, başga bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Türkmenistanda hristianlar dini azlygyny emele getirýär. Raýatlaryň dini azatlyklaryny yzygiderli gysmakda tankyt edilýän türkmen hökümeti ýurtda dini hukuklaryň berjaý edýändigini öňe sürüp, halkara jemgyýetçiligine berýän hasabatlarynda ýurduň kanunlaryndaky kepilliklere salgylanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.