Rekordyny täzeledi

115 ýyldan bäri iş alyp barýan “Rolls-Royce Motor Cars” kompaniýasy ýyllyk satuwyndaky rekordyny täzeledi.Kuwwatly ulaglary öndürýän kompaniýa geçen ýyl dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda 4107 awtoulag ýerläpdir.

Satuwlar dünýäniň ähli ýerinde artypdyr.Brendiň täze “Phantom”, “Wraith” we “Dawn” modelleriniň satuwy has hem ýokary bolupdyr.Kompaniýanyň ýolbaşçysy Torsten Müller-Ötwös müşderileriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin alada edýändiklerini, üstümizdäki ýylda has ýokary netijä garaşýandyklaryny belleýär. Şeýle hem britan brendi elektrik energiýasy bilen işleýän iň ýokary tizlikli uçary işläp düzmegiň aladasyny edýär.

Kompaniýanyň inženerleriniň taýýarlajak uçarynyň tizligi sagatda 480 km bolar.Häzirki wagtda bu rekord 338 km/s bilen Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasyna degişli.Ol 2017-nji ýylda hasaba alnypdy.

Britan kompaniýasynyň öndürjek uçary 2020-nji ýylda uçurylar.Häzirki wagtda Angliýanyň Çeltnem şäherindäki Glosterşir aeroportynda “Roll-Royce”-yň elektrik motorlaryny öndürýän YASA hem-de bir orunlyk uçarlary işläp taýýarlaýan “Electroflight” şereketleriniň inženerleri, dizaýnerler we beýleki hünärmenler täze uçary öndürmegiň aladasyny edýärler.

Uçarda elektrik energiýaly awtoulag ýaryşy “Formula E”-däki tejribeden hem peýdalanylýar.Uçary ýasamakdaky esasy mesele kuwwatly, gyzmaýan we ýeňil batareýa öndürmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär
Türkmenistan: Daşary ýurt etiniň ýeke-täk üpjünjisi Maşgalanyň ýakyn dosty
23.01.2018 | Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Uçýan taksi taslamalary