Rekordlar kitabyna girdi

Tebigatdaky iň täsin jandarlaryň biri hem kolibri guşlarydyr. Bu guşlar näçe kiçi hem bolsa, şekil taýdan adaty guşdan tapawudy ýok. Birnäçe görnüşi bolan bu guşlaryň iň kiçisi Mellisuga helenae diýlip atlandyrylýar. Onuň agramy 1,6 gram. Bedeniniň uzynlygy 5,7 santimetr çemesi bolup, köp bölegini guýrugy bilen çüňki emele getirýär.

Kolibriniň höwürtgesiniň ululygy ýüwse ýalyjak bolýar. (Ýüwsäniň nämedigini bilmeýän bolsaňyz, ululardan sorap bilersiňiz!).

Kolibri ýalyrak ýene bir guş bar kiçi wudstar (Acestrura bombus). Bu guşlar Peru, Kolumbiýa we Ekwador ýurtlaryndaky subtropik we tropik tokaýlarda ýaşaýar. Olaryň ululygy 7,8 sm töweregi bolýar. Bu guşuň gysga guýrukly wudstar hem-de boýny menekli wudstar atly urugdaşlary hem bar.

Kiçi göwrümli bu guşlar gülleriň şireleri bilen iýmitlenýärler. Kolibri guşlarynyň özleriniň endemiki bolşy ýaly iýmitlenýän ösümlikleriniň hem köpüsi şolaryň ýaşaýan ýerine mahsusdyr.

Iň kiçi ýumurtga

Iň kiçi guş ýumurtgasy 1998-nji ýylyň oktýabrynda hasaba alyndy. Girdenek kolibri (Mellisuga minima) guşunyň ýumurtgasy ölçenende agramy 0,026 gram, ululygy 6,985 mm gelipdir. Şeýlelikde, bu ýumurtga Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilýär.

Girdenek kolibriniň ululygy guýrugy we çüňki hasaba alnanda 6 sm çemesi bolýar. Girdenek kolibriniň agramy 22,4 gram bolýar. Olaryň ýumurtgasynyň ululygy 1 sm-den kiçi, agramy 0,375 gram töweregi bolýar.

Bu guşlar Ýamaýka, Gaiti, Dominikan Respublikasy we Puerto-Riko ýurtlarynda ýaşaýar.

Ösümlikleriň

köpelmegine täsiri

Tebigatdaky janly-jandarlar bilen ösümlikleriň arasynda iki tarap üçin hem bähbitli bolan gatnaşygy görmek bolýar.Kolibrileriň ýaşaýan ýerindäki gyrymsy agaçlaryň we beýleki ösümlikleriň ownuk gülleri adatça küýze şekillidir.

Ol gülleriniň nektaryny (gülüň şiresi) diňe kolibri guşlary inçejik çüňkleri arkaly iýýärler. Şeýlelikde, bu guşjagazlar gülden-güle gonmak arkaly olary tozgalandyrýar.Tozgalanan ösümlikler tohumlap, onuň nesli dowam edýär.

Geçirilen barlaglara görä, bir guşjagaz bir günde 1500-den gowrak güle gonýar.Bu bolsa, ösümlikleriň köpelmegi üçin örän ähmiýetlidir.

Kolibriler barada

täsin maglumatlar

Örän kiçi bolansoň, kolibrileri tapmak, olary surata düşürmek we ýazga almak aňsat däl.

Kolibriler sekuntda ortaça 80 gezek ganat kakýarlar. Muny gözüň bilen saýgaryp bolmaýar. Tehnologiýa kompaniýalary kameralary we telewizorlary mahabatlandyranda kolibri guşunyň uçuşyny görkezýärler. Sebäbi, ony ýazga almak we görkezmek üçin ýokary hilli tehnologiýa zerurlyk duýulýar.

Köplenç gülüň şiresi bilen iýmitlenýän hem bolsalar, kolibriler has kiçi mör-möjekleri hem iýýär.

Kolibriler howada duran ýerinde hem-de yzlygyna uçup bilýärler.

Bu guşjagazlar möýüň kerebinden we beýleki ýumşak zatlardan peýdalanyp, agaçlaryň şahalarynda höwürtge gurýarlar.

Uçýan wagty bu guşlaryň ýüreginiň minutda 1200 gezekden köp urýandygy anyklandy.

Her gün öz agramyndan hem köp iýmit iýýän bu guşlar mart-iýun aýlarynda köpelýärler.

Kolibrilere tebigy şertlerde diňe Demirgazyk we Günorta Amerikada duş gelmek bolýar.

Ýene degişli makalalar

Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi
Iki ýurduň taryhlaryndaky ilkinji Olimpiýa medallary
Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
BSGG: 30 ýylyň içinde dünýäde gipertonikleriň sany tas iki esse artdy
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder