Belgiýaly Mak Ruterford öz dolandyrýan howa gämisi bilen Ýeriň daşyndan aýlanyp çykan iň ýaş uçarman hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.Ruterford bir özi çykan syýahatyna şu ýylyň mart aýynda kiçi göwrümli “Shark” uçary bilen başlapdy.
Ol Bolgariýanyň günbataryndaky aeroportundan başlan, uçuşyny şol ýerde hem tamamlady.Ol uçuşyna başlan wagty 16 ýaşyndady, doglan gününi howada garşy aldy. Ýaş uçarman 5 aýlyk syýahatynyň dowamynda 52 ýurduň üstünden geçdi.
Maşgalasy hem uçarman bolan Ruterford Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň we Amerikanyň hem-de iki ummanyň howa giňişliginden geçdi.Ol syýahatynyň dowamynda Sudanda çöl tüweleýi bilen göreşmeli bolupdyr. Şeýle hem Ýuwaş ummanynyň adalaryna düşläpdir.
Erkekleriň arasyndaky mundan ozalky rekord 18 ýaşynda Ýer ýüzüni 150 günde aýlanan, angliýaly Trawis Ludlowa degişlidi.
Mundan ozal Mak Ruterforduň özünden uly gyz dogany Zara iň ýaş zenan uçarman hökmünde rekord goýupdy. Zara Ýeriň daşyndaky syýahatyny şu ýylyň başynda tamamlapdy.
Şeýlelikde, gyzlaryň hem-de oglanlaryň arasynda ýekelikde öz dolandyrýan uçary bilen Ýer ýüzüni aýlanan iň ýaş uçarmanlaryň ikisi hem bir maşgala degişli boldy. Rekordçy maşgala häzirki wagtda Angliýada ýaşaýar.