Rekord bilen gelen ýeňiş

6 uly marafonyň biri bolan London marafonynda erkekdir zenanlaryň arasynda keniýaly türgenler ýeňiş gazandy. 37-nji gezek geçirilýän London marafonynda zenanlaryň arasynda keniýaly Meri Keitani 2 sagat 17 minut 01 sekuntda pellehanadan geçip, “diňe zenanlar” ugry boýunça täze rekordyň eýesi boldy.

Bu ugurda öňki rekord angliýaly Paula Redkliffe degişlidi (2:17:18). Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda Redkliff dünýä rekordynyň-da eýesidir (2:15:25). 35 ýaşly Keitani 2011-nji we 2012-nji ýyllardan soň, Londonda 3-nji gezek ýeňiş gazandy.

Zenanlaryň arasynda efiopiýaly türgenler Tiruneş Dibaba bilen Aselefeç Mergia 23-nji ýerleri eýelediler.Grinwiçden bat alyp, Bukingem köşgüniň öňünde tamamlanýan London marafonynda erkekleriň arasynda keniýaly Daniel Wanjiru ýeňiş gazandy.

Ol 2 sagat 05 minut 48 sekuntda pellehanadan geçdi.Ondan 9 sekunt yza galan efiopiýaly meşhur türgen Kenenisa Bekele 2-nji, 2 sagat 07 minut 41 sekuntda pellehana ýeten keniýaly Bedan Baroki 3-nji orna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
RONALDONYŇ 50-nji HET-TRIGI
BMG Kipr meselesiniň çözülmegi üçin taraplara ýaňadandan gepleşik geçirmekleri çagyryşyny berdi
Transfer täzelikleri
120-nji möwsüme badalga berler
“Bundesliganyň” täze möwsümi