Rekord bahadan satyldy

Nýu-Ýorkdaky “Sotheby’s” auksion öýünde dinozawryň galyndysy satuwa çykaryldy. “Apex” atly gadymy jandaryň süňkleri 44,6 million dollara satylyp, häzire çenli iň gymmat bahadan satylan dinozawr galyndysy boldy.

Ot bilen iýmitlenen bu jandaryň arkasynda, boýnundan guýrugyna çenli küpeçleri, guýrugynda bolsa buýnuzlary bolupdyr.Stegozawr görnüşine degişli bolan kiçi kelleli jandaryň boýy 3 metr 40 santimetre barabar.Burnundan guýrugyna çenli uzynlygy bolsa 8 metrden geçýär.

Auksion öýüniň wekilleri dinozawryň häzire çenli üsti açylan iň kemsiz skeletleriň biridigini belleýärler.Dinozawr galyndysyny kimiň satyn alandygy mälim edilmedi, emma onuň amerikalydygy bellenildi.

“Apex” 2022-nji ýylda Kolorado ştatynda paleontolog Jeýson Kuper tarapyndan tapylypdy. Taryhy jandaryň galyndysy çak edilişinden 11 esse gymmada satyldy.

“Apex”-iň 150 million ýyl ozal ýaşap geçendigi çaklanylýar. Mundan ozal, 2020-nji ýylda “Stan” atly “T-Rex” dinozawr 31,8 million dollara satylypdy.

Ýene degişli makalalar

Belgiýanyň ýygyndysy mälim edildi, doganlar Hazarlar düzüme çagyryldy
Twitter Tramp baradaky habarlar üçin açylan hasaby petikledi
Stambul iňlis klublaryna garaşýar
Donald Tramp sosial media gaýdyp gelýär
“Liwerpulyň” 128 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi