Türkmenistanda häzirki wagtda daşary ýurt franşizalary işjeň ösmegini dowam etdirýär. Şolaryň hatarynda Regus ofis merkezini hem mysal getirmek bolar. Indi Aşgabat şäherinde islendik adam dünýäde iri iş gurşawyny üpjün edijiniň hyzmatlaryndan peýdalanyp biler.
Işewürlik üçin oňyn çözgütler
Regus täze işe başlan telekeçilerden hem-de frilanserlerden başlap, iri kompaniýalara çenli — islendik görnüşli işewürlik üçin ofis çözgütlerini hödürleýär. Regus bilen şertnama baglaşmagyň netijesinde, müşderiler islendik wagtda işewürlik merkezine girmäge mümkinçilik berýän elektron açary alýarlar.
Hyzmatlaryň doly toplumy
Regus iş gurşawyny kärendesine alan pursadyňyzdan işewürligi üstünlikli alyp barmaga ýardam edýän hyzmatlaryň doly toplumyna eýe bolup, wagtyňyzy tygşytlaýarsyňyz:
• Ýokary tizlikli internet; • Guramaçylyk meselesinde doly goldaw; • Tehniki hyzmat ediş; • Gurşawda her gün arassaçylyk işleriniň geçirilmegi; • Döwrebap gorag ulgamy.
Oňaýlylyk we öndürijilikli işlemek
Regus-yň müşderisi bolmak bilen, siz ofis gurşawyny dolandyrmak, gözegçilik etmek ýaly aladalardan ymykly dynýarsyňyz. Bu babatda Regus-yň administrasiýasy oňaýly we öndürijilikli işlemegiňiz üçin ähli zerur şertleri döredip, ähli guramaçylyk işlerini öz jogapkärçiligine alýar.
Goşmaça hyzmatlar
Regus müşderilerine şu goşmaça hyzmatlary ýetirýär:
• Işewürlik duşuşyklaryny, işewürlik lançlaryny hem-de kofe-breýkleri geçirmek; • Çaparçylyk hyzmaty; • Goşmaça mebelleri we tehnikalary gurnamak hyzmaty.
Regus-yň häzirki zaman dizaýn ýörelgelerine kybap gelýän stilli we döwrebap gurşawlary netijeli işlemek we işewürlik duşuşyklaryny geçirmek üçin oňaýly şertleri üpjün edýär. Bu ýerde koworking-zonalardan başga-da, 68 sany aýratyn otaglar bolup, olarda her ulanyjy öz etmeli işlerine üns jemläp, arkaýyn işläp bilýär.
Regus — siziň işewürlik dünýäsindäki ygtybarly hyzmatdaşyňyz. Bu ýere gelseňiz muňa has-da aýdyň göz ýetirersiňiz diýip, merkeziň wekili belleýär.
Habarlaşmak üçin:
• Telefon belgisi: (+993 12) 75 44 22 • Web saýty: www.regus.com • Elektron poçta salgysy: ashgabat.hilgurlusyk@regus.com • Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Bellik: Habar Sarayan kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we Turkmenportal internet neşirinde mahabat gazanyň aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.