Reform partiýasy ýeňiş gazandy

Estoniýada geçirilen Parlament saýlawlarynda sagçy liberal Reform partiýasynyň 28,8% ses bilen ýurduň Parlamentinde öňdeligi eýeledi. Bu ýagdaý ýurduň Parlamentindäki 101 orundan 34-siniň Reform partiýasyna degişli boljakdygyny görkezýär.

Bu barada Saýlawlary geçirmek boýunça döwlet gullugynyň saýtynda habar berilýär.Hökümete ýolbaşçylyk edýän Sentristskaýa partiýasy sesleriň 23%-i bilen 26 orna eýe boldy.Estoniýanyň Konserwatiw halk partiýasy sesleriň 17,8%-i bilen 19 orna, “Watan” partiýasy 11,4% ses bilen 12 orny, Sosial-demokrat partiýasy 9,8% ses bilen 10 orny eýelemegi başardy.Beýleki partiýalar 5%-den geçip bilmediler. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, parlamentde orun almak üçin azyndan 5 göterim ses almaly. “Estoniýa 200” 4,5%, “Ýaşyl Estonlar” 1,8%, “Durmuş” we “Erkin” ýaly partiýalar bary-ýogy 1,2%, garaşsyz dalaşgärler bolsa, 0,3% ses aldylar.Estoniýanyň 101 orunly Parlamentine saýlawlar 3-nji martda geçirilip, saýlawçylar üçin 451 saýlaw uçastogy öz gapylaryny açdy.

Saýlawlarda ýeňiş gazanmak üçin 10 partiýa we 15 garaşsyz dalaşgär bäsleşdi.Saýlawlaryň resmi netijeleri şu aýyň dowamynda mälim ediler.

Ýene degişli makalalar

Reform partiýasy ýeňiş gazandy
Estoniýanyň Prezidenti täze hökümet gurmagy tabşyrdy
CNPC Türkmenistana TOPH-yň gurluşygynda ýardam bermäge taýýardygyny aýdýar'
Türkmenistan we Pakistan TOPH geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirmek isleýär
Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary protestleriň “ýeňlişe sezewar bolandygyny” aýtdylar
Prezident Erdogan Şu Gün Ykdysady Reforma Bukjasyny Tanyşdyrar