Reflýuks

Reflýuks

Gepleşigimiziň bu sanynyň mowzugy: reflýuks

Reflýuks: aşgazanyň düzüminiň gyzylödege yzyna gelmegi bilen gyzylödekde käbir zaýalanmalara sebäp bolýar, netijede bolsa gyzylödek aşgazan aşgaryna yzgiderli sezewar bolup, özüni gorama ukybyny ýitirýär.

Reflýuksyň alamatlary:

Aşgazanyň agyrmagy we ajymtyl tagamyň gelmegi.

Agyza turşy, ajy suwuň gelmegi.

Gägirmek

Çişmek

Iýilen iýmitiň agza gelmegi

Horlanmak

Döşde agyry emele gelmegi

Agyzyň yslanmagy

Hroniki franžit

Allergiki demgysma

Hroniki sinusit we

Dişleriň çüýremegi

Reflýuksde sarp edilmeli däl ýa-da az sarp edilmeli azyklar:

Aşa yssy we aşa sowuk azyklar

Ajy çaý, kofe

Kolaly ýa-da karbonatly içgiler

Çilim

Margarin

Gowrulan azyklar, ýagly azyklar, gaýmak, krema ýaly ýagly souslar

Ýagly süýjüler, halwalar, iýmişler

Sogan, sarymsak, tomat

Gowrulan kartoşka we pýuresi

Gury fasol, nohut, merjimek, kelem, brýussel kelemi ýaly ýellendiriji azyklar.

Sitrus miweleri, apelsin, madarin, greýfurt, limon, üzüm, garpyz we gawun

Şokolad

Turşumtyl azyklar

Pomidor

Ýer tudanasy, çernika miwesi, gara üzüm

Sarp edilmegi maslahatlar berilýän azyklar:

Açyk çaý, ösümlik çaýlary

Kefir, az ýagly gatyk we probiotik gatyk

Gaýnadylan et, demojakda bişirilen et, towuk, balyk

Gaýnadylan ýumurtga, peýnir, ýagy az peýnirler

Tüwi, makaron

Bişen bakja önümleri

Süýtli datlylar, miwe datlylary

Bugdaý ýa-da çowdary çöregi

Alma, armyt, banan, şetdaly, çereşniýa, üzüm

Brokoli

Käşir we käşiriň suwy

Süýmli azyklar

Peýnir

Çopantelpek çaýy

Fasol

Zenjebil, käkilik oty, tmin

Süýt reflýuks biynjalyklygyny azaldýar

Şekersiz sakgyç çeýnemek hem maslahat berilýär.

Reflýuksden biynjalyk bolanlara şulary maslahat berýäris:

Tabagyňyzdaky porsiýalaryňyzy azaldyn: Reflýukse zyýansyz azyklar sarp edilmeli we aşgazan gereginden artyk doldurylmaly däl. Ol, azyklaryň ýeňillik bilen yza gaýtmagyna sebäp bolýar.

Nahar iýenden soň uklamaň: Nahar iýenden soň azyndan iki sagat dik oturmaga synanşyň.

Nahary gyssanman iýin. Her bir lukmany gowy çeýnemek reflýuks kesellileri üçin möhümdir. Aýratynam nahary oturyp iýmek maslahat berilýär.

Ýassygyňyzyň belentligi 30 santimetr bolsun. Uzakly gije aşgazan suwklugynyň agza gelmeginiň öňüni almak üçin peýdalydyr.

Horlanyn. Artykmaç ýagly bolan reflýuks kesellileriniň biynjalyklyklary has ýygy we agyr bolýar.

Ýygy-ýygydan suw için. Suwy uzakly gün az-azdan içmek keseliň bejergisi üçin peýdalydyr.

Hereket ediň. Agşam naharyndan soň 15-20 minutlyk gysga ýörişler sizi rahatlandyrar we keselliler üçin peýdalydyr.

Kadaly iýmitlenme meýilnamasyny düzmek we wagtly wagtynda iýmek reflýuksiň biynjalyklygyny azaldar.

Bili gysgan egin-eşikleri geýmekden çetde duruň.

Nahardan soň egilmäň.

Ýene degişli makalalar

Reflýuks
Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Maryda pagta ýygymy üçin býujet işgärlerinden ýene pul toplanýar
Güýz paslynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar
Nädip has köp suw içmegi endik edinmek barada 4 maslahat