“Refah Şäherine Gury Ýer Hüjümini Gurap Bileris”

“Refah Şäherine Gury Ýer Hüjümini Gurap Bileris”

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, ýurdunyň guraýan hüjümlerinden gaçan 1,5 milliona golaý adamyň ýaşaýan ýeri bolan Refah şäherine gury ýer hüjümini gurajakdyklaryna ünsi çekdi.

Ysraýylyň Premýer-ministrliginden berlen beýannama görä, Netahýahu Ministrler kabinetiniň agzalary bilen Gaza guralýan hüjümler hakynda pikir alyşdy.

Maslahatdan soň metbugata beýannama beren Netanýahu, ABŞ bilen birlikde halkara jemgyýetiniň goldawyna mätäç bolmandyklaryny nygtap, “Esasy maksadymyz Hamasy ýok etmek”diýdi.

“Häzire çenli Hamasyň 24 batalýonyndan 17-ni ýok edendiklerini” öňe süren Netanýahu, “Galan batalýonlaryň esasy bölegi Gazanyň günortasynda Refah şäherinde ýerleşýär, olar bilen hem gyzyklanarys” diýdi.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başlatdy.

Şol günden bäri dowam edýän hüjümlerde esasy bölegi çagalardan ybarat 27 müňden gowrak palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
Ysraýyl Şolbir Wagtda Iki Frontda Söweşýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Netanýahu Tramp Bilen Duşuşdy