Xiaomi Group-yň jemgyýet bilen aragatnaşyk boýunça menejeri Redmi Note 11T Pro kompaniýanyň ŽK (suwuk kristally) ekranly soňky telefony bolsa gerek diýip habar berýär.
Häzirki wagtda OLED-ekranlar ýuwaş-ýuwaşdan orta we ýokary klasyň modellerinde giňden ýaýramaga başlady.Redmi Note seriýasy hem OLED-ekrana geçýär.Köp sanly pudaklaýyn resurslar OLED-ekranyň hiline ýokary baha berýänem bolsa, käbir ulanyjylar ŽK-displeýi ileri tutýarlar.
Redmi kompaniýasy Redmi Note 11T Pro-da ýöriteläp sazlanan ŽK-ekran ulandy.Bu DisplayMate A+ sertifikatyny alan ilkinji ŽK-ekrandyr.Oňa owal-ahyr smartfonlar üçin döredilen iň gowy ŽK-ekran diýip baha berdiler.
Xiaomi-niň menejeriniň habaryna goýlan teswirlerde muşdaklaryň köpüsi kompaniýadan ŽK-ekranly iň bolmanda ýene bir modeli çykarmaklaryny haýyş edip ýazypdyrlar.