Real täze hüjümçileri satyn almaz

Real täze hüjümçileri satyn almaz

Madridiň Realy tomusky transfer döwründe täze hüjümçileri almak pikirinden el çekdi. Bu barada COPE habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, patyşalyk klubundan hüjümçiler Luki Ýowiçiň we Mariano Diasyň gidäýen ýagdaýynda-da, olaryň ornuny Borha Maýoral tutar.Ol Realyň düzümine kärendesinden dolanyp geler we möwsümiň öň ýanyndaky oýunlarda Karim Benzema, Winisius, Rodrigu hem-de Marko Asensio ýaly beýleki hüjümçiler bilen bile çykyş eder.

Real Çempionlar ligasynyň 2021/2022 möwsüminde ýeňiji boldy.Finalda Madridiň kluby Liwerpuly 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Geçirilen ýeke-täk pökgini Winisus Žunior öz adyna ýazdyrmagy başardy.

Mundan başga-da, Madridiň topary Ispaniýanyň çempionatynda ynamly ýeňiş gazandy.Karlo Ançelottiniň şägirtleri 38 oýundan 86 utuk toplap, ikinji orunda barýan Barselonadan 13 bal ozdurdylar. Şeýle-de, Realyň hasabynda ýurduň Superkubogy hem bar.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
“Real Madrid” 5 minutda finala çykdy
Ançelotti UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 100-nji ýeňşini gazandy
Reala kyn günler garaşýar
Ançelottiniň 100-nji ýeňşi, rekorda golaýlady
Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyry: Real we Siti birinji duşuşyklarynda ýeňiş gazandy