Real Mançester Sitini ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

Real Mançester Sitini ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

Maý aýynyň 4-inden 5-ine geçilýän UEFA Çempionlar ligasynyň 2021/2022 möwsüminiň ýarym finalynyň jogap duşuşyklarynyň çäklerinde Madridiň Realy öz meýdançasynda Mançester Sitini kabul etdi. Bu duşuşykda madridliler 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Oýunda hasap ikinji ýarymda açyldy. 73-nji minutda Sitiden Riýad Marez Bernardu Silwanyň ýardam pasy bilen gol geçirdi. 90-njy minutda Realdan Rodrigo hasaby deňledi, iki minutdan soň bolsa ikinji goluny geçirip, oýny goşmaça wagta geçirdi. 93-nji minutda Sitiniň goragçysy Ruben Diaş öz jerime meýdançasynda Benzema garşy düzgüni bozandan soň, emin 11 metrlik jerime urgusyny belleýär.

Fransiýaly hüjümçi urgyny dürs ýerine ýetirýär. Şeýlelikde, Real iki duşuşygyň jemi boýunça (3:4, 3;1) Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. 28-nji maýda Parižde Real Liwerpul bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda deslapky oýunlar geçirildi
Ronaldonyň çempionatdaky gollarynyň sany 9-a ýetdi
“Al-Hilal” bu gezek portugaliýaly oýunçyny transfer etdi
“Al-Hilal” “Çelsiniň” ýene bir ýyldyzyny transfer etdi
ABŞ Saud Arabystanyna Goýan Ýarag Embargosuny Bes Etdi