“Real Madridiň” tomusky transfer möwsüminde etsem-goýsamlary

Dünýäniň iň uly futbol klublarynyň biri bolan “Real Madrid” topary tomusky transfer möwsümine ykjam taýýarlyk görýär.Bu barada ispanlaryň belli sport neşiri “Marca” gazeti habar berýär. Şu hepdäniň dowamynda 6-njy gezek “Real Madridiň” prezidenti wezipesine saýlanan Florentina Perez tomusky transfer möwsüminde iki ýaş ýyldyzy fransiýaly Kilian Mbappe bilen norwegiýaly Erling Holanny düzümine goşmak üçin baryny-ýoguny orta goýmakçy bolýar.

Perez mundan öňem 2 gezek “Los Galacticos” transferler bilen futbol dünýäsinde uly yz galdyrypdy.Ol 3-nji “Los Galacticos”-a taýýarlyk görýär.

Habarda “Real Madrid” toparynyň “Bawariýa” bilen şertnamasy tamamlanýan Dawid Alaba bilen gyşda ylalaşyk gazandy.Toparyň esasy bar ünsi Mbappe hem-de Holann bolar. Ýaş hüjümçileriň klublary PSŽ hem-de “Borussiýa Dortmund” bilen gepleşikler geçirip başlan Perez iki oýunçy üçinem maliýe serişdesini goýbermekden gaýra durmaz. Şol sebäpli UEFA-nyň Fair-Play düzgünnamasyna-da gabat gelmegi üçin hem-de 2022-nji ýylda şertnamasy tamamlanýan Rafael Warany transfere ugratmakçy bolýar. “Real” bilen şertnamasyny täzelemegi göz öňünde tutmaýan Waranyň transfer bahasynyň azyndan 70 million ýewro bolmagyna garaşylýar.

Adaty alýan haklary ýokary bolan Marselo bilen Iskonyň topardan gitjekdigi anyk. Pereziň garaşylandan pes çykyş edýän Alwaro Odriozola, Mariana Diaz, Luka Ýowiç ýaly futbolçylar üçin geljek tekliplere taýýardygy habar bellenilýär.

Möwsümiň ahyrynda şertnamasy tamamlanýan kapitan Serhio Ramosyň ykbaly näbelli. Klub onuň bilen gepleşikler geçirmegini dowam edýär we tejribeli oýunçynyň klubda galmagyna garaşylýar.

Winisius Junior, Federiko Walwerde, Rodrigo hem-de Martin Odegard ýaly ýaş oýunçylar klubda galar. Elbetde, ýokarda ady agzalan Alaba, Mbappe hem-de Hollan transferlerinden başga-da klubuň düzümine ýene-de futbolçylaryň goşulmagyna garaşylýar.

The post “Real Madridiň” tomusky transfer möwsüminde etsem-goýsamlary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Real täze hüjümçileri satyn almaz
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar
2020-nji ýylyň oktýabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
Türkmenistan ÝUNESKO: medeni diplomatiýa