“Real” Madridde hem ýeňiş gazanýar

1955-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda “Sporting”“Partizan” duşuşygy bilen başlan UEFA Çempionlar ligasynda şu möwsümi hasaba almanyňda, jemi 64 möwsüm tamamlandy. Şol 64 möwsümde ýüzlerçe klub bu arzyly ýaryşda çykyş etdi.

Näçe klub çykyş etse-de, kubogy gazanmak bary-ýogy 22 topara başartdy. Şol 22 klub 10 ýurda wekilçilik edýär. 22 toparyň 10-sy 1 gezek çempion bolan bolsa, galan 12 klub birden köp çempionlyk gazandy.

Dört topar 2, iki topar 3, bir topar 4, iki topar 5, bir topar 6, bir topar 7, bir toparam 13 gezek kubogy eýelemegi başardy.Aýratynam soňky ýyllarda görkezijilere seredip, täze çempionyň ýokdugyny we bu kubogy gazanmagyň o diýen ýeňil iş däldigini anyk aýdyp bileris.

UEFA Çempionlar ligasynyň ýeňijileri: “Real Madrid” (ISP) 13 (195657585960, 1966, 1998, 2000, 2002, 2014, 20161718); “Milan” (ITA) 7 (1963, 1969, 198990, 1994, 2003, 2007); “Liwerpul” (ANG) 6 (197778, 1981, 1984, 2005, 2019); “Bawariýa” (GER) 5 (19747576, 2001, 2013); “Barselona” (ISP) 5 (1992, 2006, 2009, 2011, 2015); “Aýaks” (NID) 4 (19717273, 1995); “M. Ýunaýted” (ANG) 3 (1968, 1999, 2008); “Inter” (ITA) 3 (196465, 2010); “Benfika” (POR) 2 (196162); “Nottingem Forest” (ANG) 2 (197980); “Ýuwentus” (ITA) 2 (1985, 1996); “Porto” (POR) 2 (1987, 2004); “Seltik” (ŞOT) 1 (1967); “Feýenoord” (NID) 1 (1970); “Aston Willa” (ANG) 1 (1982); “Hamburg” (GER) 1 (1983); “Stýaua” (RUM) 1 (1986); PSW (NID) 1 (1988); “Srwena Zwezda” (SER) 1 (1991); “Marsel” (FRA) 1 (1993); “Borussiýa D” (GER) 1 (1997); “Çelsi” (ANG) 1 (2012).

UEFA Çempionlar

ligasynyň taryhyndan

ÝEWROPANYŇ ÇEMPION

KLUBLARYNYŇ KUBOGY — 19561957

Gatnaşan topar: 22

Geçirilen duşuşyk: 44

Tora salnan gollar: 170 (ortaça 3,86)

Tomaşaçy: 1,836,978 (ortaça 41,750)

Iň netijeli oýunçy: Dennis Wiollet (“Mançester Ýunaýted”) 9 gol

SAÝLAMA TAPGYRY: “Borussiýa D” (Günbatar Germaniýa)“Spora” (Lýuksemburg): 43, 12, 70, “Dinamo Bh.” (Rumyniýa)“Galatasaraý” (Türkiýe): 31, 12, “Slowan Bratislawa” (Çehoslowakiýa)“SWKS Warşawa” (häzirki “Legia”) (Polşa): 40, 02, “Anderleht” (Belgiýa)“M. Ýunaýted” (Angliýa): 02, 010, “AGF Orhus” (Daniýa)“Nissa” (Fransiýa): 11, 15, “Porto” (Portugaliýa)“Atletik B” (Ispaniýa): 12, 23;

1-NJI TAPGYR: “M. Ýunaýted” (Angliýa)“Borussiýa D” (Germaniýa): 32, 00, “SDNA Sofiýa” (häzirki SSKA) (Bolgariýa)“Dinamo Bh.” (Rumyniýa): 81, 23, “Reýnjers” (Şotlandiýa)“Nissa” (Fransiýa): 21, 12, 13, “Slowan” (Çehoslowakiýa)“Grasshopper” (Şweýsariýa): 10, 02, “Real Madrid” (Ispaniýa)“Rapid Wien” (Awstriýa): 42, 13, 20, “Rapid JC” (häzirki Roda”) (Niderlandlar)“Srwena Zwezda” (Ýugoslawiýa): 34, 02, “Fiorentina” (Italiýa)“Norrköping” (Şwesiýa): 11, 10, “Atletik B” (Ispaniýa)“Budapeşt Honwed” (Wengriýa): 32, 33.

ÇÄRÝEK FINAL: “Atletik”“M. Ýunaýted”: 53, 03, “Fiorentina”“Grasshopper”: 31, 22, “Real Madrid”“Nissa”: 30, 32, “S. Zwezda”“SDNA Sofiýa”: 31, 12.

ÝARYM FINAL: “S. Zwezda”“Fiorentina”: 01, 00; “Real Madrid”“M. Ýunaýted”: 31, 22.

FINAL (“Santiago Bernabeu”, Madrid)

“Real Madrid”“Fiorentina”: 20

(Alferd Di Stefano 69 p, Fransisko Hento 75)

Ýene degişli makalalar

“Real Madridiň” ýeňişli ýörişiniň başlangyjy
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
4 topar 2-nji tapgyra çykdy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy