“Real Madrid” ýeňiş bilen başlap bilmedi, “Barselona” ilkinji tapgyrda ýeňiş gazandy

Ispaniýanyň çempionatynda soňky çempion “Real Madrid” täze möwsüme ýeňiş bilen başlap bilmedi.Myhmançylykda “Malýorka” bilen duşuşan “Real Madrid” topary öňe saýlansa-da, bu üstünligini goramak olara başartmady.

Oýnuň 13-nji minutynda Rodrigonyň ajaýyp goly bilen öňe geçen “Reala” ýer eýeleri Wedat Murikiniň 53-nji minutdaky goly bilen jogap berdi.Galan minutlarda-da hasap üýtgemedi.Duşuşygyň 90+7-nji minutynda Ferlan Mendi gyzyl kart aldy.

Netijede, duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. “Real Madrid” Ançelottiniň tälimçiliginde ilkinji gezek 1-nji tapgyrda ýeňiş gazanyp bilmedi. Umumylykda “Real Madrid” “La Liganyň” taryhynda täze möwsüme 20-nji gezek deňlik bilen başlady. Olar şol möwsümleriň diňe 5-sinde çempionlyk gazandy.

“Real Madrid” topary “La Ligada” 33 oýundan bäri ýeňilmän gelýär (24 ýeňiş, 9 deňlik).

Ispaniýanyň çempionatynda möwsümiň ilkinji tapgyrynda “Barselona” myhmançylykda “Walensiýany” Duronyň (44) goluna garşy, Lewandowskiniň gollary (45+5, 49 p) esasy

nda 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, “Selta” öz meýdançasynda “Alawesi”, “Raýo Wallekano” hem myhmançylykda “Real Sosiedady” 2-1 hasaplar bilen ýeňdi. “La Ligada” oýnalan galan duşuşyklar bolsa deňlikde tamamlandy.

“La Ligada” 1-nji tapgyryň netijeleri:

“Atletik” “Hetafe”: 1-1, “Betis” “Žirona”: 1-1, “Selta” “Alawes”: 2-1, “Las Palmas” “Sewilýa”: 2-2, “Osasuna” “Leganes”: 1-1, “Walensiýa” “Barselona”: 1-2, “Real Sosiedad” “Raýo Wallekano”: 1-2, “Malýorka” “Real Madrid”: 1-1, “Walýadolid” “Espanýol” (22:00), “Wilýarreal” “Atletik” (00:30).

Ýene degişli makalalar

“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar
Altyň biri aşaky liga düşer
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
“Real Madridde” ýene bir ýyldyz oýunçy şikes aldy
Çempionatyň üçden bir bölegi tamamlandy, ýöne entegem ýeňşi ýok