Mundan öňki tapgyrda öz meýdançasynda “Milandan” 3-1 hasabynda asgyn gelen “Real Madrid” birnäçe ýyldyz oýunçysynyň şikesi sebäpli oýnap bilmedik duşuşygynda “Liwerpuldan” hem utuldy.Başgaça aýdylanda, “Real Madride” özünden soň bu kubogy iň köp gazanan 2-3-nji toparlary ýeňmek başartmady. “Enfield” stadionynda geçirilen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýaryma has erjel başlan “Liwerpul” 52-nji minutda Mak Allisteriň goly bilen öňe saýlandy.
Oýnuň 61-nji minutynda ispan toparyna hasaby deňlemek üçin uly mümkinçilik boldy. Ýöne Kilian Mbappeniň ýerine ýetiren penaltisini derwezeçi Keller saklady.Oýnuň 70-nji minutynda bu gezek “Liwerpulyň” peýdasyna bellenen penaltini Mohamed Salah dürs urup bilmedi. Ýyldyz oýunçynyň urgusy derwezäniň sütüniniň golaýyndan meýdançanyň daşyna çykdy.
Duşuşygyň 77-nji minutynda Kodi Gakpo burçda ýerine ýetirilen urgyny kellesi bilen tora girizdi we hasaby 2-ä çykardy. Şunlukda, “Liwerpul” topary “Real Madridi” taryhynda 4-nji gezek ýeňlişe sezewar etdi.
Iňlis kluby ýeke utuk ýitirmän sanawyň başyny çekip gelýär. /* custom css */ .td_uid_15_674906370e8b0_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674906370e8b0_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }