RDÝ-niň wekili Moskwa Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary

RDÝ-niň wekili Moskwa  Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary

Russiýanyň Demir ýollary AGPJ-niň Halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky taslamalar departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýudmilla Renne ozal meşhur bolan Moskwa Aşgabat ýolagçy otlusynyň gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdarydygyny belläp geçdi. Bu barada TASS habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, RDÝ-niň wekili Aşgabatda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisiniň dowamynda žurnalistiň agzalan ugur boýunça gatnawny täzeden ýola goýmak baradaky beren sowalyna Men diňe şonuň tarapdary diýip jogap berdi.

Mundan başga-da, Lýudmilla Renne çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň DÝHG-ä örän işjeň goşulyşýandygyny we şertnamalara hem-de ylalaşyklara gatnaşmakda öňdebaryjy orny eýeleýändigini bellemek isleýärin diýip, L.Renne nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň iň gowy sürüjisi kesgitlenildi
Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ awtobus sürüjileri üçin boş iş orunlaryny yglan edýär
TULM we COSCO SHIPPING Group hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirýär
Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrýar
Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar
TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy